9 mart 2026 sagat 11:25
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Biz barada

Baş sahypa/Biz barada

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi Türkmenistanyň medeniýet we sungat ojaklary hem-de bilim edaralary üçin ýörite orta hünär bilimli hünärmenleri (mugallymlary) taýýarlamak maksady bilen hereket edýär.

Mekdebimizde 14 sany hünär ugry boýunça bilim berilýär:

Aýdym aýtmak sungaty
Bagşyçylyk sungaty
Dizaýn
Fortepiano
Halk saz gurallary
Heýkeltaraşlyk
Hor dirižýorlygy
Horeografiýa sungaty
Kirişli saz gurallary
Nakgaşçylyk
Saz mugallymçylygy
Sazyň taryhy we nazaryýeti
Türkmen milli saz gurallary
Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary

Mekdebiň esasy wezipeleri we maksatlary

Türkmenistanyň bilim hem-de medeniýet ulgamlarynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi iş ýüzünde üpjün etmek, şahsyýetiň hünär bilimini almak we çuňlaşdyrmak islegini kanagatlandyrmak, Türkmenistanyň medeniýet we sungat ojaklary hem-de bilim edaralary üçin ýörite orta hünär bilimli hünärmenleri (mugallymlary) taýýarlamak.

Jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamak, goramak hem-de baýlaşdyrmak, talyplarda milli taryh, medeniýet, däp-dessurlar hem-de ileri tutulýan umumyadamzat gymmatlyklary bilen özara berk baglanşykly ýokary medeniýeti terbiýelemek.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny hil taýdan kämilleşdirmek boýunça işleri guramak, ýaşlary terbiýelemegiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek.

Sanlar we maglumatlar

65
Mugallym
225
Talyp
14
Hünär ugry
4
Ýyl okuwy

Salgymyz

Balkanabat şäheri, Ejeke Ataýewa köçesi, 126-njy ýaşaýyş jaýlar toplumy
Telefon: +993 222 67725, +993 222 67726
E-poçta: balkanwysm@gmail.com, balkanwysm@sanly.tm