Kabul ediş ugrunyň tertibi
I. Býujet esasynda:
- Sungaty öwreniş (hünär: sazyň taryhy we nazaryýeti)
- Sahna sungaty we edebi döredijilik (hünärler: aýdym aýtmak sungaty (wokal); bagşyçylyk sungaty; horeografiýa sungaty)
- Saz sungaty (hünärler: türkmen milli saz gurallary; halk saz gurallary; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary; fortepiano; saz mugallymçylygy)
II. Tölegli esasda:
- Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: nakgaşçylyk; dizaýn)
Ýörite sungat mekdebine Balkan welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Balkanabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Gerekli resminamalaryň sanawy
- Bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza
- Bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa)
- Bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy)
- Sazçylyk ýa-da çeperçilik bilimi barada resminama (asyl nusgasy)
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy
- Soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama
- 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat
- Işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi
- Pasportynyň we harby şahadatnamasynyň nusgalary
Giriş synaglary we dersler
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde (Balkanabat ş.) iýul-awgust aýlarynda geçirilýär. Synaglar aşakdaky derslerden alynýar:
Sazyň taryhy we nazaryýeti
Hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy
Aýdym aýtmak sungaty we Horeografiýa
Hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy
Nakgaşçylyk we Dizaýn
Galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy
