Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren eserlerini öwrenmek hem-de baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak maksady bilen, welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bilen welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda talyp ýaşlaryň arasynda «Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň eserleri — ýaşlara ýol-ýörelge» atly zehin bäsleşigi geçirildi. Onuň şertlerine laýyklykda, talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň many-mazmunyny giňişleýin beýan etdiler hem-de eseriň maglumatlaryndan düzülen soraglara anyk jogap berdiler. Netijede, «Nakgaşçylyk», «Heýkeltaraşlyk» bölümleriniň talyplaryndan düzülen topar birinji, «Sazyň taryhy we nazaryýeti», «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary», «Kirişli saz gurallary» bölümleriniň talyplaryndan düzülen topar ikinji, «Dizaýn» bölüminiň talyplaryndan düzülen topar üçünji orunlara eýe boldular.
Bäsleşikde tapawutlanan talyplara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

