
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzda saz sungatyna höwesli, başarjaň we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça okuwlaryny dowam etdirmegini gazanmak, döredijilige höweslendirmek, ýerine ýetirijilik ukybyny ösdürmek maksady bilen, welaýat ýörite sungat mekdebinde çagalar sungat mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda “Ýaş zehin” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýaşlar zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşikde emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, ýeňijiler saýlanyp, olar döwlet derejesindäki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşige gatnaşan ýaş zehinler türkmen medeniýetiniň, sungatynyň dünýäde dabaralanmagynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Bibihajar Ödekowa,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
