
Özümi bilelim bäri ulularyň ony görkezip: «Garry atamyzyň atynyň alagaýşy» diýýänleri gulagymda galypdyr. Aradan ýyllar geçip, nesil aýlanandygyna garamazdan, ol alagaýşy dakyp toýlara çykan Ýyldyrym atly bedewidir garry atamy görenler galmasa-da, oba adamlary olary häli-häzirlerem buýsanç bilen ýatlaýarlar. Olaryň: «Biziň obamyzyň Ýyldyrymy», «Obamyzyň Pirli seýsi» diýen sözleri aýdanlaryndaky buýsanjy dagy görsediňiz! Alys bir ýerlerden del myhman gelse dagy, obamyzyň gymmatlyklarynyň birini görkezmek üçin gelip, ulularymyzdan alagaýşy sorarlar. Düzgüne öwrülip gidensoň, öýde ululardan biri bolmasa-da, myhman boş gaýtarylmaz. Içeri girip, törki jaýymyzda, diwara kakylan halynyň ortarasyndan asylgy duran alagaýşy görüp çykmaga rugsat berler. Onuň taryhyny bolsa bu obanyň adamlarynyň islendiginden sorasaňam gürrüň berip bilýär. Ol gürrüňlerden biziňem çagalykda gulagymyz ganypdy.
...Atam deň-duşlaryndan eslije gijä galyp öýlenipdir. Garry enem bu barada söz açylsa, hemişe: «Ol entegem öýlenip ýetişipdir. Atýatakdan daşarda durmuş bardyr öýtmese näme?» diýer ekeni. Hernä ol uruşdan sähel öň öýlenip ýetişäýipdir. Ol wagtlar ady ýurda dolan Ýyldyrymy seýisläp ýören atam kyrky aljyradyp ýören adam ekeni. Ol, hatda öýlenensoňam wagtynyň köpüsini Ýyldyrymyň ýanynda geçiripdir. Atyny alyp, uzagrak ýerlerdäki ýaryşlara-da aram-aram gidensoň, bile ýaşaşan şol ujypsyzja wagtynyňam esli bölegini ýaş gelin ýeke geçirmeli bolupdyr. Atamyň her gezek şeýle saparlardan dolanyp gelende, müýnüm bardyram öýtmän, çapyşyklar barada joşup-joşup gürrüň bilşine ýaş gelin birbada geň galsa-da, kem-kem öwrenişipdir. Şeýdip bile ýaşamaga ykbaldan bölünip berlen ýyl ýarym töweregi wagtam tamamlanýar. Dünýäniň ýüzüni gahatlygyň gara buludy tutýar. Atamyň uruş başlanan günleri gidişi gidiş bolýar. Ondan ýeke hat hem gelip ýetişmeýär. Oňa derek agyr ýagdaýy beýan edýän gysgajyk maglumatnama gelýär. Şeýdibem garry enemiňem, Ýyldyrymyňam toýy sowulýar. Uruş ortalaberende, Ýyldyrymy-da nämälim bir ýerlere alyp gidýärler. Ondan diňe alagaýyş ýadygär galýar.
«Ülker ejäniň Ýyldyrymyň boýnundan gujaklap, tisginip-tisginip aglap durşy, çaga-da bolsam gözlerimde galypdyr» diýip, enem kän gürrüň bererdi. Aty alyp gitjek bolanlarynda, garry enem: «Duruň, bir haýyşymy ýerine ýetiriň» diýip, gelenleri saklaýar. Soňam öýden Ýyldyrymyň bezeglerini alyp çykýar. «Onuň göýä, toýa ugradýan ýaly, aty yhlas bilen bezeýşini Ýyldyrym bilen hoşlaşmaga gelen märekäniň sessiz synlap durşuny oba adamlary geçen urşuň iň kyn pursatlarynyň biri hökmünde ýatlardy» diýip, her gezek şu gürrüň orta atylanda, enem gözlerini ýaşlardy.
Ýyldyrym, hakykatdanam, edil, toýa barýan ýaly, obadan bezenip-beslenip, dabara bilen çykyp gidýär. Aradan dört-bäş gün geçensoň, atyň bezeg şaý-sepleriniň içinden, näme üçindir diňe alagaýşy getirip gidýärler. Garry enemem beýleki esbaplaryny sorajagam bolmaýar. Şeýdip nägehan uruş zerarly arasy üzülen dostlukdan — Ýyldyrym atly bedew bilen Pirli seýsiň dostlugyndan galan ýalňyz nyşan — alagaýyş öýümizde ýadygärlik galyberýär. Garry enem ony diwaryň ýüzünden ýöne asyp goýmagy göwnüne jaý bilmän, ýörite haly dokaýar. Onuň ortarasyndanam mähriban ynsanyndan galan ýadygärlige orun berýär.
Ýyldyrymyň hem, Pirli seýsiňem bu obany terk edenine bir çärýegi kem asyr dolup barýar. Muňa garamazdan, öz döwründe ýurduň aýlawlaryny baglan Ýyldyrymyň ady henizem obamyzy abraýlap ýör. Howlymyzda at daňylmadygyna kän wagt geçenem bolsa, ýüzi şaý-sep bilen bezelen, gaýyşdan edilen bezeg esbaby görmek üçin Ýyldyrymyň eýesi Pirli seýsiň ojagyna gelýänleriň yzy henizem üzülenok.
Annagül Balkanowa.
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
