13 mart 2026 sagat 12:38
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem
06 Few 2026 5965 gezek görüldi
ARZUW

                                                                                 

    Gelelim bäri ýöne ýere tolgunmandygymy «Enemiň bagyna» golaýlanymyzdan aňdym. Gözümi ýaşardyp, häliden bäri sesini çykarman gelýän jigim Baýrama seretdim. «Bu näme boldugy?» diýen manyny berýän sessiz sowala jogap tapmadyk jigim, sesini çykarman, gözüni başga ýana sowdy. Ýöne şojagaz sessiz jogap müňläp sözüň ornuny tutdy.

Çapypdyrlar. Hernä doly köwläb-ä aýyrmandyrlar. Edil oturaýar ýaly edip kesipdirler. Töňňesi dur. Barşyma şonuň üstünde oturjak boldum. Şeýdäýenimde oňa agram salyp, bujagaz gününem kynlaşdyraýjak ýaly, dözüm edip bilmedim.

— Haçanrak beýtdiler?

— Aý, eslije wagt bolandyr-la. Guransoňam-a esli wagt dözmän gezdiler şuňa.

Birdenem geçip, töňňäniň üstünde oturasym geldi. Ýöne ýaýdandym durdum.

— Aý, oturybersene — diýip, ýagdaýymy aňan jigim maňa ýüzlendi. — Gaýtam, köpler-ä: «Şeýtseň bagyň özüne dyrmaşan ýaly bolýa» diýýäler.

    Men sesimi çykarman, geçip, töňňäniň üstünde oturdym. Kim diýenem bolsa, gaty jaýdar aýdypdyr, hakykatdanam, töňňäniň üstünde ornaşdym welin, birmahallarky, ýapraklaryny ülpüldedip oturan bagymyzyň şahalarynyň birine gonan ýaly bolaýdym. Gözümiň öňündenem çagalygymyň hezil pursatlary gezekli-gezegine geçip ugrady...

    Ulaldygyňça özüňde nähilidir bir üýtgeşiklik döräp gider oturar ekeni. Olary ilki bilen özüň duýýaň. Menem töwerek-daşdakylardan gaça durmagy çykardym. Ýekelikde içimi gepledip, öz-özüm bilen ýüzbe-ýüz oturmak iň uly lezzetdi. Ýalňyz syrdaşymam köne howlymyzyň aýagujundaky bagymyzdy. Sypyndygym şonuň ýanyna barardym. Ähli etsem-goýsamlarymy diňe şoňa aýdardym. Arzuwlarymam, maksatlarymam şonuň bilen paýlaşardym. Oňa «Enemiň bagy» diýerdik. Çagakak enem bilen şol bagyň kölegesinde oturmak üçin köne ýurda ýörite gaýdardyk. «Şuny birmahal öz elim bilenjik ekdim. Täze ýurda göçülensoňam, günüň-gününe gatnap suwarardym. Şeýdip oňa «Sadabyň bagy» diýen at galdy» diýip, enem gürrüň bererdi.

    Hawa, ilki bu bagyň ady şol ekeni. Hatda enem garransoňam, onuň adyny «Sadap ejäniň bagy» diýip üýtgetmändirler. «Sadabyň bagy» diýipdirler. Ol ady, özüm bilmezden, men üýtgedipdim. Meniň üçin turuwbaşdanam ol «Enemiň bagydy». Ýöne enem dünýäsini täzeländen soň, näme üçindir hemmelerem maňa goşulyşdy gidiberdiler.

    Enemiň kiçijik radiosy bardy. Şony ýanymyz bilen alyp gidip, tomus aýlary günortanky çaýymyzy bagyň kölegesinde içerdik, günortanky aýdym-sazly konsertem şol ýerde diňlärdik. Çagalykda iň gowy görýän zadym — şol bagyň kölegesinde, enemiň dyzynda oturyp, radioda dutar diňlemekdi. Bir günem şol radiomyz döwüldi. Esli wagtlabam bejerilmedi. Şonda-da bagymyza gatnamamyzy goýmadyk. Şeýle günleriň birinde enem: «Gyzym, dutar çalmagy öwrensene, radyýa ýaly, döwüljek gümanyň ýok, gapdalymda çal-da otur» diýdi. Ol-a şonda şo sözleri garaçyny bilen aýtdy, menem çynym bilen «bor» diýdim. Ýöne öwreneýin diýeniň bilen, töwerekde dutar çalýan barmy?

    Mekdebi tamamlap, şähere mugallymçylyk ugrundan okuwa gaýtdym. Eneme hiç haçan diňledip bilmejegime gözüm ýetse-de, näme üçindir, dutar öwrenmek baradaky pikir ýanymdan galmady. Uluja oglumyň dutar gurnagyna gatnap ugramagy bilenem mende täze arzuw döredi. Ol arzuwym enem bilen çaý içip, radio diňleýän ýerimizde oturdyp, ogluma dutar çaldyrmakdy. Ine, şu gezegem şol arzuwymy hasyl etmek üçin şäherden ýörite gelipdim. Bagyň kesilendigini bolsa diňe oba gelenimden soň eşidip galdym.

Pikire çümüp oturyşyma, ýerimden turdum-da, inime ýüzlendim:

— Bar, jigim, gaýrat et, derrew Kemaly alyp gel.

    Ol sesini çykarman ulagyna tarap ýöneldi. Sähel wagtdanam oglum Kemal bilen yzyna dolandy. Dutaryny alyp ulagdan düşüp gelýän oguljygyma gözüm düşende, birhili, damagym doldy. Ýöne syr bildirmedim. Ýerimden turdum-da, oňa töňňäni görkezdim.

— Geç, oglum, şuň üstünde oturyp çal. Goý, bu owazdan enem bilen bilelikde onuň bagy-da hezil edip lezzet alsyn.

https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/publishes/13194/download

Annagül BALKANOWA,

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

Ähli makalalar