13 mart 2026 sagat 14:01
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Aýdym-sazyň ähmiýeti

Baş sahypa/Makalalar/Aýdym-sazyň ähmiýeti
24 Dek 2025 6156 gezek görüldi
Aýdym-sazyň ähmiýeti

    Ösüp gelýän ýaş nesle terbiýe bermekde we aň-bilim taýdan ösen şahsyýeti kemala getirmekde aýdym-sazyň ähmiýeti örän uludyr. Çagany gurşaýan aýdym-sazlar, ondaky aýdym-saz diňlemek ukyby sagdyn ösmegi üçin wajypdyr.

    Okuwçynyň saza bolan ukybyny ösdürmek çagalar sungat mekdepleriniň mugallymlarynyň esasy wezipesi bolup durýar. Olara saz medeniýeti barada düşünjeleri bermekde yzygiderli sapaklar ähmiýetlidir. Mugallym okuwçynyň işjeňligini görýän bolsa, ony hökman üns-alada bilen gurşamalydyr. Çagalara aýdymlar watançylyk, tebigy gözellik, ene-ata söýgi temasynda saýlansa has gowy bolar. Sebäbi olar kiçiliginden bu gözelliklere bolan söýgüsini özleriniň aýdýan aýdymlarydyr çalýan sazlarynyň üsti bilen artdyrýarlar. Zehinli çagalaryň mugallymyň kömegi bolmasa, täze usullary özleşdirip bilmejekdikleri öz-özünden düşnüklidir. Saz çalmagy öwredýän mugallymlaryň we saz çalýan adamlaryň hem özleriniň çagalarda diňe sungata söýgi döretmän, eýsem, sagdyn nesliň kemala gelmegine hem uly goşant goşýandyklaryny bilmekleri zerurdyr.

    Ajaýyp zamanada hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil hakyndaky nusgalyk aladalary giň gerimliligi bilen buýsandyrýar. Şol aladalaryň çäklerinde, çagalaryň tebigy zehin-ukyplaryny ýüze çykarmakda, olary sungatyň dürli ugurlaryna gönükdirmekde ýetilýän sepgitlerem guwandyryjydyr. Munuň özi geljekde çaganyň durmuşda mynasyp ornuny tapmagynda ähmiýetlidir.

https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/21/articles/220354

Jennet NEPESOWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Ähli makalalar