13 mart 2026 sagat 13:59
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Bagta uzaýan ýollar

Baş sahypa/Makalalar/Bagta uzaýan ýollar
24 Dek 2025 6156 gezek görüldi
Bagta uzaýan ýollar

    Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ajaýyp zamanada ähli ugurlar boýunça bady barha artýan özgerişleriň ýoly bilen öňe barýar. Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň sazlaşykly utgaşmasy döwrümiziň täze-täze ösüşleriň, özgertmeleriň zamanasydygyny dünýä ýaýýar.

    Taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmek, her bir ulgamyň düýpli özgerişlere beslenip, eziz Diýarymyzyň ýokary derejede ösmegini we kuwwatlanmagyny üpjün etmek babatda başyny başlan beýik işleri durnukly ösüşi gazanmak, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda netijeliligi ýokarlandyrmak esasynda täze derejelere çykýar. Nurana geljegimiziň kepiline öwrülen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» we beýleki maksatnamalary durmuşa geçirmekde belent sepgitlere ýetilýär. Halkymyzyň bähbidi durmuş-ykdysady özgertmeleriň mazmunynda öz beýanyny tapýar. Bular bolsa ýurdumyzyň bagtyýarlygyň, ösüşleriň mekany hökmünde Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolmagyny üpjün edýär.

    Ajaýyp zamanada döwletimiziň dünýädäki abraýyny barha belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatynyň rowaçlyga beslenýändigini ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä döwletleri tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy hem aýdyň subut edýär.

https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/21/articles/220368

Aýgül OSMANOWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Ähli makalalar