13 mart 2026 sagat 14:03
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

BAGTYÝAR NESIL – ABADAN GELJEK

Baş sahypa/Makalalar/BAGTYÝAR NESIL – ABADAN GELJEK
24 Maý 2025 10362 gezek görüldi
BAGTYÝAR NESIL – ABADAN GELJEK

    Ata-babalarymyzdan miras galan nusgalyk ýörelgeleriň hatarynda ynsanperwerlik, rehimdarlyk, mätäje hemaýat etmek, çagalara söýgi bilen garamak ýaly ýagşy gylyk häsiýetler täze taryhy döwürde rowaçlyga beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly  Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi şol nusgalyk ýörelgeleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýär.

    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat aznasy  tarapyndan çagalaryň irki ösüşini kadaly ýola goýmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatdaky işler häzirki zaman ylmynyň esasynda durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli, gaznanyň bejeriş işleri oýunça  wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat dünýä jemgyýetçiliginde uly eslenme  döretdi. Maslahatyň dowamynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wiseprezidenti Oguljahan Atabaýewanyň: «Biz bilelikdäki taslamalara we oňyn başlangyçlara gatnaşarys, Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda işlemek üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam bereris. Siz biziň pikirdeşlerimiz bolup durýarsyňyz hem-de gaznanyň goldawyna bil baglap bilersiňiz» diýip, gatnaşyjylara ýüzlenmegi gaznanyň döwletimiziň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň giň gerimli strategiýalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezýär.

    Ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, eneleriň we çagalaryň saglygynyň goralmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna  degişlidir. Şu ýylyň 16-njy aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda, köpugurly hassahanasynda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde çagalaryň saglyklaryny dikeltmek hem-de olara degişli derejede bilim bermek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy bu meseläniň hemişe üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

    Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy  esasynda döredilen em-de nusgalyk  tagallalary bilen tapawutlanýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine yzyklanma  barha artýar. Ýakynda haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wiseprezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýurdumyza sapar bilen gelen «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň  ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyp, teleýaýlymyň işgärlerine haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bilen bagly interwýu bermegi  hem halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerini esasy ugur edinýän gaznanyň alyp barýan işiniň halkara giňişlikde uly goldawa mynasyp bolýandygyny tassyklaýar.

    Çagalar biziň nesil dowamatymyzdyr, geljekde eziz Diýarymyzy ähli babatda gülledip ösdürjek, Watanymyzyň abraýyny has-da beýgeltjek şahsyýetlerdir. Hormatly Prezidentimiz: «Mähriban çagalarymyz we ýaşlarymyz arkasynda dag ýaly döwletimiziň durandygyny, olaryň geljegi hakyndaky aladalaryň bir pursat hem ýatdan çykarylmaýandygyny duýup ýaşamalydyrlar» diýip belleýär. Şu sözler berkarar döwletimizde çagalaryň sagdyn ösüp, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup kemala gelmekleri üçin yhlasaladalary edýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyşdyr hoşallyklary kalbymyza doldurýar. Goý, eziz Watanymyzda hem-de bütin dünýäde çagalaryň gülküsi parahatçylygyň owazy bolup belentde ýaňlansyn!

Annagül Balkanowa,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy,
Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Ähli makalalar