Ösüşleriň hem-de rowaçlyklaryň dabaralanýan ajaýyp zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümizi buýsançly wakalar, beýik işler gurşap alýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem ýaşaýyş-durmuşymyzy täze belentliklere göterýän beýik tutumlara beslenýär. Durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilmegi, üstünlikleriň üstünliklere ulaşmagy Diýarymyzyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä ýaýýar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksat-tutumlarynyň dowamat-dowam bolýandygyny aýdyň subut edýär.
Ata Watanymyzda gazanylýan hemmetaraplaýyn ösüşler halkymyzy çäksiz guwandyrýar, buýsandyrýar. Mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstümizdäki ýyly hem uly üstünlikler bilen şöhratlandyrmak üçin yhlasly hem tutanýerli zähmet çekýär.
Goý, eziz Diýarymyzda taryhy tutumlar dowamat-dowam bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz mundan beýläk-de gülläp össün!
https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/21/articles/222473

