13 mart 2026 sagat 14:01
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Baky bagtyň mukamy

Baş sahypa/Makalalar/Baky bagtyň mukamy
16 Okt 2025 9220 gezek görüldi
Baky bagtyň mukamy

    Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde eden taryhy çykyşynda ýurdumyzyň sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça netijeli teklipleri öz içine alýan, umumadamzat bähbitli ileri tutýan garaýyşlaryny beýanetdi. Döwlet Baştutanymyzyňöňe sürenbaşlangyçlary halklaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde, giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, medeni we ruhy gatnaşyklary gorap saklamakda hem-de  akynlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedigi bilen guwandyrýar.

    «Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşydöwründe hemişelik Bitaraplygymyzyň waspy has belent derejelere göterilýär. Şatlyk-şagalaňly geçýän toý-baýramlarymyzda, guraýan medeni çärelerimizde Bitaraplygymyzyň waspyny ýetirýän aýdym-sazlar, gazallar baky bagtyň mukamy bolup ýaňlanýar.

    Goý, baky bagtyň mesgen tutan mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belent derejelere göterip, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Şasoltan Nyýazdurdyýewa

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy,

ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.

Ähli makalalar