13 mart 2026 sagat 14:01
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Baýramçylyk sergisi

Baş sahypa/Makalalar/Baýramçylyk sergisi
10 Dek 2025 6157 gezek görüldi
Baýramçylyk sergisi

    Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Bitaraplyk berdi bize bu bagty, Arkadag Serdarly ýollarymyz ýagty» atly sergi guradyk. Oňa muzeýiň işgärleri, mugallymlar hem-de talyp-ýaşlar gatnaşdylar.

    Bitaraplyk halkymyza asudalykda, agzybirlikde ýaşamaga giň ýol açdy. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplygyna eýe bolan gününden bäri geçen döwürde belent derejelere ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet syýasatynda barha rowaçlyklara beslenýän oňyn bitaraplyk ýörelgeleri dünýä halklarynyň bähbitlerinden ugur alýar. Şol esasdan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem,  dünýä halklarynyň hem asudalygyna, bagtyýarlygyna, rowaçlygyna gönükdirilýär.

    Serginiň açylmagy mynasybetli edilen çykyşlarda şular dogrusynda buýsançly nygtaldy. Halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Soňra bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergä syn edildi. Mekdebimiziň «Nakgaşçylyk» bölüminiň baýramçylyk mynasybetli täze döreden nakgaş eserleri uly gyzyklanma döretdi.

https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/21/articles/218358

                                                                                                                                    Ýunus Gylyçnyýazow,
                                                                                                welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
 
Ähli makalalar