13 mart 2026 sagat 14:02
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

BEHIŞDI BARLYGYŇ ÝARAŞYGY

Baş sahypa/Makalalar/BEHIŞDI BARLYGYŇ ÝARAŞYGY
27 Apr 2025 10843 gezek görüldi
BEHIŞDI BARLYGYŇ ÝARAŞYGY

    Behişdi bedewler türkmen halkynyň durmuşynda örän uly orun eýeleýär. Bu hakykaty halkymyzyň bedewleri dürli görnüşli şaý-esbaplary bilen bezemek sungatynda hem aýdyň görmek bolýar. Bedewleriňowadanşaý-esbaplaryny nepislik bilen bezemek milli zergärçilik sungatynda möhüm ugurlaryň biri hasaplanýar. Dünýäniň abraýly sirk festiwallarynda sahna çykýan, gözellik sergilerinde görkezilýän ajaýyp bedewler bezegleri bilen mähelläni haýran galdyrýar.

    Eýer, uýan, gaş, guşgun, depirgi, golaň, göwüsbent, dogabagy, maňlaýlyk, alagaýyş ýaly at esbaplaryny altyn, kümüş ýaly metallar, gymmat bahaly daşlar bilen bezemek uzak geçmişden bäri halkymyzda sungat derejesine ýetirilipdir. Milli Liderimiziň «Gadamy batly bedew» diýen eserinde bu barada: «Halkymyz bedewine hiç bir taý tapman, ony ylahydan gelen güýç hökmünde kalbyna ýazypdyr. Hyýaly oýlarynda behişdi bedewler bilen bagly dürli täsin eserleri döredipdir» diýlip beýan edilýär.

    Ähli döwürlerde türkmen bedewleriniň gözelligine we olaryň bezegine dünýä halklary haýran galyp gelipdir. Maglumatlarda we çeşmelerde syýahatçylar, taryhçylar türkmen bedewleriniň bezegini taryp edipdirler.

    Türkmen bedewiniň bezeg esbaplary olara gözellik, amatly rahatlyk berýär we gözden-dilden goraýar diýen ynanç bar. Halkymyz hemişe öz atynyň owadan syratyny ýaman gözden goramak üçin dagdan dakypdyr. Bu bezegler bedewleriň tebigy gözelligi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getiripdir.

    Häzirki döwürde-de bedewleri bezemek sungaty barha kämilleşdirilýär. Şanly senelerdir baýramçylyklar mynasybetli guralýan gözellik bäsleşiklerinde bir-birinden zyýada bezelen bedewleri synlanyňda göwnüň ganatlanýar.

    Türkmeniň göz-guwanjy, başynyň täji, wepaly syrdaşy bolan ahalteke atlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bütin adamzadyň mirasynyň sanawynda mynasyp ornuny eýeleýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Milli gymmatlygymyz bolan gamyş gulak, ýelden ýyndam, wepaly bedewlerimizi ylmy esasda öwrenmäge we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.

 

Kuwwatberdi Mededow,

Balkan welaýat ýörite sungat

mekdebiniň direktory.

Ähli makalalar