
Kuwwatly döwletler bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirip, şahsyýetleriň mynasyp ösmekleri üçin zerur şertleri döretmäge ukyply bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 19-njy martynda iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary hünärli, maksada okgunly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini aýratyn nygtady.

Bilim ulgamy jemgyýetiň her bir agzasynyň ýaşaýyş derejesine we jemgyýetde çalt tehnologiki ösüşi üpjün edýän önümçiligiň ösüş derejesine hem täsir edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli aksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri (ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary ösdürýär.2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «UNITWIN» halkara maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralary açyldy, Aşgabat şäherinde we welaýatlardaky umumybilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasynyň toruna girizildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2023-nji ýylyň maýynda 2024-2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy.
Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri halkara bilim giňişliginde abraýly derejelere eýe bolýar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň meşhur reýtingleriniň sanawynda orunlary yzygiderli ýeläp, uniwersitetleriň dürli ugurlar boýunça netijeliligini ýüze çykarýarlar.
Türkmenistanda milli bilim ulgamyna dünýä standartlary ornaşdyrylýar, bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmäge, şol sanda bu ulgama innowasiýalary, ýokary tehnologiýalary, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Döwletimiziň ýokary okuw mekdeplerinde soňky ýyllaryň dowamynda bilim bermek boýunça iki derejeli — bakalawr we magistratura maksatnamasy amala aşyrylýar. Iki derejeli ýokary bilimiň berilmegi hem 2011-nji ýylda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) 36-njy sessiýasynda kabul edilen «Bilimiň halkara standart klassifikasiýasy» konsepsiýasyna bildirilýän talaplara gabat gelýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda bilim ulgamynda alymlyk derejelerini umumy dünýä ölçeglerine laýyk getirmek, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, durmuş-ykdysady taýdan ösen Ýewropa ýurtlary tarapyndan döredilen «Bolonýa ýörelgelerine» goşulmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Bolonýa ýörelgelerine laýyklykda, ylym-bilim ulgamyndaky ýokary bilim dünýä ýurtlarynyň arasynda umumy bitewi äsiýete eýe bolup, ol üç basgançakdan, ýagny bakalawr, magistratura we doktorantura derejelerinden ybarat bolmalydyr.
Kämil bilim-terbiýe şahsyýetiň ykdysadyýetiň üýtgeýän şertlerine taýýar bolmagyna hem-de olara çalt uýgunlaşmagyna binýatlyk esas döretmek bilen, onuň şahsy ösüşine goşant goşýar. Bilim ulgamy ýurduň orta we uzak möhletleýin durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen meýilnamalara esaslanýar. Bu ugurda milli maksatnamalar möhüm orun eýeleýär. Bellenilen wezipelere laýyklykda, milli bilim-terbiýeçilik işini ykdysadyýet, sanly ulgam, ynsanperwer ýaly ugurlar üçin zerur bolup biljek işleriň, hünärleriň görnüşlerini çaklamak, iş berijiler tarapyndan hünär ülňüleriniň ulanylmagyna laýyklykda, belli bir hünär üçin hünärmenleriň bilim derejesi, iş tejribesi ýaly talaplara laýyk getirmek zerurlygy ýüze çykýar. Bu ugurda ýaşlaryň şahsy başarnyklaryny we ukyplaryny ösdürmek wezipesi esasy ähmiýete eýedir. Täze maksatnamalary durmuşa geçirmek şu günki ýaş nesle ynanylýar. Olaryň ertirki güne taýýarlykly adamlar bolup ýetişmegini gazanmak üçin berk binýat zerurdyr.
Annagül Balkanowa
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
