13 mart 2026 sagat 14:03
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

BITARAPLYGYŇ BELENT TUTUMLARY

Baş sahypa/Makalalar/BITARAPLYGYŇ BELENT TUTUMLARY
05 Iýul 2025 9886 gezek görüldi
BITARAPLYGYŇ BELENT TUTUMLARY

Aziýa we Ýewropa yklymlarynyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýän ata Watanymyz Türkmenistan dünýä döwletleri, şeýle-de  abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha berkidýär. Döwletimiziň hemişelikBitaraplyk  hukuk ýagdaýynyň bu  gatnaşyklaryň rowaçlyklara beslenmeginde aýratyn uly ähmiýeti bardyr.

    «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň 21-nji martynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň  Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi döwrümiziň ajaýyp wakalarynyň biridir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk senesiniň giňden baýram edilýän ýylynda ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýäde uly goldawa eýediginiň nyşanydyr. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda amala aşyrylýan işler, badalga berilýän tutumlar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bilen berk baglanyşyklydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän parasatly syýasatynyň baş maksady Ýer ýüzünde parahatçylygy, ynanyşmagy, dost-doganlygy pugtalandyrmakdan, dünýä halklarynyň we döwletleriniň özara hoşniýetli, birek- birege hormat-sarpaly gatnaşyklaryny has-da berkitmekden ybaratdyr. «Bereketli topragymyzdan Ýer ýüzüne uzaýan parahatçylyk, dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk ýollary arkaly dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklary has-da berkideris» diýip nygtamak bilen, bu ugurda ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Annagül Balkanowa
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

Ähli makalalar