
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki «Naýbaşy» toý mekanynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, aýdym-sazly, söhbetli çäre geçirildi. «Bitaraplyk — şöhratymyz, şanymyz» diýen at bilen geçirilen çärä bu okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Çärede edilen çykyşlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllyk dabarasy bilen utgaşýandygy, Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde dünýä halklary bilen dost-doganlyk, goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik gatnaşyklarynyň berkeýändigi, dünýä ýüzünde ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň dabaralanýandygy dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyşly sözler çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda şan-şöhrata beslenen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleriň waspy belentden ýaňlandy.
Annagül Balkanowa,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/21/articles/215864
