13 mart 2026 sagat 13:59
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

döredijilik duşuşygy

Baş sahypa/Makalalar/döredijilik duşuşygy
04 Few 2026 86 gezek görüldi
döredijilik duşuşygy

    Welaýat ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy, şahyr Gülşirin Hanowanyň talyplar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Şahyr öz çykyşynda goşgynyň aýdyma öwrülmegi üçin onda tebigy sazlaşygyň, içki ritmiň we ýürekden çykýan duýgularyň bolmalydygyny nygtady. Şeýle-de ol bagşy bilen şahyryň döredijilik gatnaşyklarynyň özara ynama we ruhy ýakynlyga esaslanýandygyny belledi. Millilige, watançylyga, söýgi we ynsanperwerlige ýugrulan goşgularyndan okap berdi.

    Döredijilik duşuşygynyň dowamynda talyp ýaşlar hem çykyş edip, şahyryň döredijiliginden ýerine ýetirilýän eserler barada gürrüň berdiler. Goşgularyň ýüze çykmagyna sebäp bolan ruhy ýagdaýlar barada beren sowallaryna täsirli jogaplary aldylar. Şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler.

         Duşuşyk täsirli geçip, talyplaryň söz sungatyna we milli aýdym-sazymyza bolan söýgüsini has-da artdyrdy.

https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/21/articles/224891

Çynargül Nurgylyjowa,

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

Ähli makalalar