13 mart 2026 sagat 14:01
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Döwlet ders bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Baş sahypa/Makalalar/Döwlet ders bäsleşiginiň jemi jemlenildi
04 Iýun 2025 9441 gezek görüldi
Döwlet ders bäsleşiginiň jemi jemlenildi

 30.05.2025ý.-31.05.2025-nji ýylda Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Döwlet ders bäsleşigi geçirildi. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk” bölüminiň IV ýyl talyby Meretgylyjowa Älemgül, “Fortepiano” bölüminiň III ýyl talyby Durdymämmedowa Gülmährem, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň I ýyl talyby Gurbangeldiýewa Humaý-“Türkmenistanyň jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersinden, “Nakgaşçylyk” bölüminiň II ýyl talyby Mämiýewa Soltan, “Nakgaşçylyk” bölüminiň I ýyl talyby Aşyrowa Ogulbike, “Dizaýn” bölüminiň I ýyl talyby Arazalyýewa Hatyja-“Türkmenistanyň taryhy” dersinden, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň II ýyl talyby Orazowa Zyýada, “Dizaýn” bölüminiň I ýyl talyby Garajaýewa Merjen, “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň II ýyl talyby Döwranowa Nowça-“Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary” dersinden, “Nakgaşçylyk” bölüminiň IV ýyl talyby Möwlamowa Aziza, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň IV ýyl talyby Arslanowa Orazbagt, “Dizaýn” bölüminiň I ýyl talyby Nazjanowa Züleýha-“Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersinden, “Nakgaşçylyk” bölüminiň IV ýyl talyby Gulanowa Gülüstan, “Nakgaşçylyk” bölüminiň II ýyl talyby Atagylyjow Mämmetgylyç, “Dizaýn” bölüminiň I ýyl talyby Mämmetorazowa Suraý-“Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” dersinden, “Nakgaşçylyk” bölüminiň III ýyl talyby Aşyrgulyýewa Geňlik,  “Nakgaşçylyk” bölüminiň III ýyl talyby Töräýewa Bibimerýem, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” dersinden Hanjanowa Almagül-“Sanly ykdysadyýet” dersinden, “Halk saz gurallary” bölüminiň II ýyl talyby Döwletow Myratgeldi, “Halk saz gurallary” bölüminiň I ýyl talyby Waliýewa Aýlar, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň III ýyl talyby Ziýadzade Kamila- Rus dili” dersinden, “Fortepiano” bölüminiň I ýyl talyby I ýyl talyby Aniskina Ýuliýa, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň I ýyl talyby Gurbangulyýewa Sähra, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň I ýyl talyby Mämiýewa Şirin-“Iňlis dili” dersinden gatnaşdylar. Bäsleşik örän çekeleşikli dowam edip, talyp ýaşlar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan soragnamalara test arkaly kompýuterde onlaýn arkaly gatnaşdylar.

    -“Nakgaşçylyk” bölüminiň IV ýyl talyby Meretgylyjowa Älemgül -“Türkmenistanyň jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersinden III orna;

    -“Nakgaşçylyk” bölüminiň IV ýyl talyby Möwlamowa Aziza -“Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersinden III orna;

    -“Nakgaşçylyk” bölüminiň IV ýyl talyby Gulanowa Gülüstan hem-de “Nakgaşçylyk” bölüminiň II ýyl talyby Atagylyjow Mämmetgylyç -“Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” dersinden III orna mynasyp boldular.

    Geçirilen bäsleşik talyp ýaşlaryň ylmyň dürli ugurlary boýunça şahsy ukyplaryny açyp görkezmeklige giň mümkinçilikleri döretdi. Bäsleşigiň ahyrynda talyp ýaşlar ylmyň ösüşleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ähli makalalar