13 mart 2026 sagat 14:01
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

DÜNÝÄ NUSGALYK ÝOLLAR

Baş sahypa/Makalalar/DÜNÝÄ NUSGALYK ÝOLLAR
23 Apr 2025 10849 gezek görüldi
DÜNÝÄ NUSGALYK ÝOLLAR

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz bedew bady bilen öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkyny şydöwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz beýik ösüşlere eýebolýar. Halkaraparahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalary, gelip gowuşýan hoş habarlar bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

    Häzirkiwagtdaýurdumyzyň dünýädäki abraýy barha artýar. Eziz Diýarymyzyň beýik ösüşleri, şanlywakalary mähriban halkymyzy has-da ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda özara bähbitli we deňhukukly döwletara gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly durmuşa geçirilýän beýik işler oňyn bitaraplyk syýasatynyň, parahatçylyk söýüjiligimiziň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen gatnaşyklar hem işjeňleşdirilýär.

    Bilşimizýaly,dünýäniň millionlarça teletomaşaçysyny syýasy, ykdysady, medeni wakalar bilen dürli dillerde dessin tanyşdyrýan «Euronews» telekompaniýa-synyň döredijiliktopary ýurdumyzda saparda boldy we türkmen halkynyň Milli Lideri bu abraýly telekompaniýanyň habarçysynyň sowallaryna jogap berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, dünýäniň güntertibiniň üns merkezinde durýan suw, energetika meseleleri, ählumumy hem sebit hyzmatdaşlygy barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny jikme-jik beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşligiň dowamynda taryh, syýasat, dost-doganlyk gatnaşyklary hem-de hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik hakyndaky çuň manyly pikirleri beýan etdi.

    Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän halkara maslahatlar, dabaralar eziz Diýarymyzyň beýik ösüşdir özgerişlerini, gazanýan üstünliklerini dünýä aýan edýär. Munuň şeýledigine paýtagtymyzda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty, şeýle hem Arkadag şäherind egeçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahaty hem aýdyň şaýatlyk edýär.

    Ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny şertlendirýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze önümçilik desgasynyň-Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Dünýäniň öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhanalaryň sanynyň ýyl saýyn artmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmeklige, içerki bazarlarymyzda ilat üçin elýeterli bahadan harytlaryň bolçulygyny döretmäge mümkinçilik berýär.

    Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär we bu ugurda nusgalyk tagallalary edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäde belent abraýa eýe bolmagy kalbymyzy buýsanja besleýär. Ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän maslahatlaryň Ýer ýüzünde uly goldawa eýe bolmagy, şeýle hem geçirilýän halkara maslahatlardyr forumlara ençeme ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagy mähriban halkymyzyň kalbynda ruhubelentlik duýgusyny döredýär.

    Ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özüniň oňyn netijesini berýär. Dünýäde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Annagül Balkanowa,

Balkan welaýat ýörite sungat

mekdebiniň mugallymy.

Ähli makalalar