13 mart 2026 sagat 14:02
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Edep — altyndan gymmat

Baş sahypa/Makalalar/Edep — altyndan gymmat
24 Apr 2025 10847 gezek görüldi
Edep — altyndan gymmat

    Şeýle at bilen welaýat ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda mekdebiň talyp gyzlarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, kümüş saçly eneleriň gatnaşmagynda geçirilen çärede türkmen gyzlaryna mahsus häsiýetler, enemamalarymyzdan miras galan edim-gylymlar dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Ösüşlerden ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi üçin asylly, ukyply we başarjaň türkmen ýaşlaryny terbiýeläp ýetişdirmekde uly wezipeleriň durýandygy nygtaldy. Berkarar döwletiň mertebe tuguna deňelýän türkmen gelin-gyzlaryna bagtyýar durmuşda okamagy, işlemegi, döretmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

 

Orazbibi Nurmyradowa,

Balkan welaýat ýörite sungat

mekdebiniň mugallymy.

Ähli makalalar