13 mart 2026 sagat 14:04
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Eşretli geljege uzaýan menziller

Baş sahypa/Makalalar/Eşretli geljege uzaýan menziller
17 Dek 2025 6158 gezek görüldi
Eşretli geljege uzaýan menziller

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza söýgi-buýsanjymyzy artdyran Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna täsir eden şanly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Sebäbi bu ýylda hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetde, durmuşyň ähli ugurlarynda özgertmeler rowaçlyklara beslenip, ýurdumyzyň bedew batly ösüşini üpjün etdi. Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň uludan bellenilen ýylynda ýurdumyzyň dürli künjeginde medeni-durmuş maksatly binalaryň, önümçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi we ýokary depginler bilen gurulmagy ýurdumyzyň şan-şöhratynyň belende göterilen ýyly bolandygyny alamatlandyryp, kalbymyzda geljek ýylda gadamlarymyzyň has-da batlanjakdygyna bolan ynamy berkitdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler täze ýylda has-da ýokary depginler bilen dowam etdiriler. Çünki biz ajaýyp zamanada ýaşaýarys. Ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleriň ýoluna ymykly düşendigine, her bir ýylyň il-ýurt bähbitli beýik işlere beslenýändigine şaýat bolýarys.

Goý, ösüşlere beslenýän menziller dowamat-dowam bolsun! Ata Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýän we ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolup, döwletli tutumlary hemişe rowaç alsyn!

https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/21/articles/219408

Göwher GARRYÝEWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Ähli makalalar