13 mart 2026 sagat 14:01
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Hasabat konserti geçirildi

Baş sahypa/Makalalar/Hasabat konserti geçirildi
23 Maý 2025 10412 gezek görüldi
Hasabat konserti geçirildi

    Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli welaýat ýörite sungat mekdebiniň döredijilik toparynyň taýýarlamagynda hasabat konserti geçirildi. Oňa mugallymlar, talyplar we myhmanlar gatnaşdylar. Her ýylda geçirilmegi däp bolup gelýän bu konsertde mekdebiň bagşylar, hor, kirişli, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary toparlary çykyş etdiler. Şeýle-de horeografiýa sungaty bölüminiň talyplarynyň ýerine ýetiren «Gazak walsy», ruslaryň «Morýak», azerbaýjanlaryň «Çiçek» tanslary, türkmen milli «Küştdepdi» tansy tomaşaçylarda uly täsirleri galdyrdy. Hasabat konserti sungat mekdebiniň halk saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmegindäki saz bilen jemlendi.

Güljemal Guljagazowa,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

Ähli makalalar