13 mart 2026 sagat 14:03
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Hoşniýetli ýörelgeler dabaralanýar

Baş sahypa/Makalalar/Hoşniýetli ýörelgeler dabaralanýar
24 Dek 2025 6156 gezek görüldi
Hoşniýetli ýörelgeler dabaralanýar

Asmanymyzyň asudalygy, Watanymyzyň parahatlygy bagtdan paýly, söýgüden serpaýly halkymyzyň göwün guşuna ganat bagladyp, ylham güzerine joşgun eçilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri güneşe baý, sahawatly Diýarymyzyň dünýä ýaýylýan döwrüdir. Şeýle bir hakykat bar: dünýä — biziň umumy öýümiz. Bagtyýar durmuş, zeminiň asudalygy, parahatçylygy — hemmeleriň arzuwy. Şu arzuwy, ynsanperwerligi baýdak edinen halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanyp, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny mynasyp garşylady. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bilen baglanyşykly wakalar, dabaraly çäreler möhüm häsiýete eýe bolup, ata Watanymyzyň abraýy has-da belende galdy.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara jemgyýetçilik üçin parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine oňaýly täsir edýän anyk mümkinçilikleri döredýär. Ýagşy işler, adamzat bähbidini araýan başlangyçlar hemişe ýol alýar. Bu taryhda-da şeýle bolupdyr, şu günem şeýle. Bu günki gün dünýä bileleşigi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär. Watanymyzyň bitaraplyk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri has-da dabaralanýar. Munuň üçin biz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hemişe alkyş aýdýarys.

https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/21/articles/220406

Ahmet GURBANGELDIÝEW,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Ähli makalalar