
Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň mertebesi dünýä derejesinde belent tutulýar. Muňa şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» Maksatnamasynyň sanawyna girizilmegi hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 – 2025-nji ýyllar üçin ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Beýik akyldaryň döredijiliginiň we gymmatly mirasynyň milli hem-de dünýä derejesinde öwrenilmegi her setiri «gyzyla gaplanmaga» mynasyp şygyrlaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda milli şahyrymyzyň, Gündogaryň akyldarynyň täze keşbiniň açylmagy ajaýyp hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. Bu şygyrda Magtymguly şahyryň taryhy nukdaýnazardan belentligi we filosofik çuňlugy häsiýetlendirilýär.
Uly-kiçi her bir işde kaýyldyr ol gullugyna,
Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine,
Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Ajaýyp eseriň ýokarda getirilen bendinde akyldaryň asmanlar bilen baglanyşygy, ýagny keramatlylygy hem-de täze bir dili döredenligi şahyranalyk bilen beýan edilýär. Indi 300 ýyldan gowrak wagt bäri Magtymgulynyň döreden şygyrlaryndaky pähim-paýhas diňe türkmen durmuşyna nur çaýmak bilen çäklenmän, eýsem, külli adamzada nusgalyk parasadyň ýaýylmagyna itergi berýär. Munuň hakykatdygyna daşary ýurtly alymlaryň beýik akyldar barada aýdan sözlerinde hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu pikiri anyk mysal bilen delillendirmeli bolsa, alym Ýewgeniý Bertelsiň: «Türkmen halky ençeme şahyrlary döretdi, emma şolaryň arasynda söz ussady, deňi-taýy bolmadyk beýik Magtymguly birinji orunda durýar. Magtymguly türkmeniň poeziýasynda gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar» diýip jaýdar belläp geçýär. Wenger alymy Arminiý Wamberi hem: «Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysy iňňän gyzykly. Onda, bir tarapdan, türkmen diliniň arassa nusgasyny görsek, ikinjiden, şu ýygyndyda beýleki Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde seýrek duş gelýän zatlar barada jikme-jik aýdylýar» diýip, beýik akyldarymyzyň döredijiligine ýokary baha beripdir.
Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, zähmet çekmek, döretmek, berkarar döwletimiziň dünýä nusgalyk ösüşlerine gözli şaýat bolmak bagtyýarlygyň nyşanydyr. Eşretli zamanamyzyň rowaçlyklarynyň sakasynda durup, milli gymmatlyklarymyzy, hususan-da, akyldar şahyrymyzyň döredijiligini sarpalaýan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Annagül Balkanowa
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
