Ajaýyp zamanada medeniýetimiz hem-de sungatymyz ýylba-ýyldan ösüşlere beslenip, şan-şöhraty dünýä ýaýylýar. Eziz Diýarymyzda täze zehinleri ýüze çykarmak, halypa-şägirtlik ýörelgesini ösdürmek, ýaşlaryň öz zehinlerini açyp görkezmekleri, saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen aýdyp bolar.
Okuw mekdebimizde kalby medeniýete, sungata söýgi-sarpadan doly ýaşlara döwrebap derejede bilim berilýär. Talyplar ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine, ýeten belent sepgitlerine, amala aşyrylýan beýik işlere guwanyp, aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny ezberlik bilen öwrenýärler. Olar geçirilýän bäsleşiklere, baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýarlar we milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine özleriniň goşantlaryny goşýarlar. Munuň özi olaryň döredijilik adamlary bolup ýetişmeklerine ýardam berýär.
https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/21/articles/219149

