
20.12.2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” jemlenip barýan günlerinde üstünliklerimiz öz hünärleri boýunça wasp etmek, Täze 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda ähli bölümleriň talyplarynyň gatnaşmagynda “Kalplary buýsançly türkmen ýaşlaryna, şatlyk-şowhun bolup gel sen, Täze ýyl!” atly bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, Täze ýyl gutlaglary, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” üstünlikleri, gülküli sahnalar ýerine ýetirilip, Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby esasynda Täze ýyl ruhunda saçaklar bezeldi.
Çekeleşikli dowam eden bäsleşigiň netijesi boýunça emin agzalarynyň gelen netijesi bilen “Aýdym aýtmak sungaty-wokal”, “Saz mugallymyçylygy”, “Hor dirižýory” bölümleriniň talyplaryndan düzülen topar I orna mynasyp boldy.
Ähli ýeňiş gazanan toparlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Hormat hatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda talyp ýaşlaryň ählitaraplaýyn ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi tüýs ýürekden arzuw edildi.
