13 mart 2026 sagat 14:05
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

KÖŇLE ÝALKYM BAGT MUKAMY, «AWAZA — DOSTLUK MEKANY »

Baş sahypa/Makalalar/KÖŇLE ÝALKYM BAGT MUKAMY, «AWAZA — DOSTLUK MEKANY »
06 Iýun 2025 10215 gezek görüldi
KÖŇLE ÝALKYM BAGT MUKAMY, «AWAZA — DOSTLUK MEKANY »

    Ajaýyp zamanamyzyň tutuş ynsanyýete peşgeşi bolan gözel Awaza bu günki gün halkymyzyň dünýä ýüzüne mähir-söýgi paýlaýan kalbynyň keşbine öwrüldi.Gojaman Hazaryň agras mukamynyň astynda bu gözel mekanda dostlar geljegiň görkana menzilleri hakda pikir alyşýarlar, milli gymmatlyklarynyň üsti  bilen birek-biregiň kalbyna ýol salýarlar. Ady aýdyma öwrülen Awaza  tomus paslynyň ilkinji günlerinden ýene-de toý lybasyna beslendi. Eýrandan, Hindistandan, Täjigistandan, Özbegistandan medeniýet, sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Awaza —  dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gözbaşlary taryhyň jümmüşine siňip gidýän halklaryň milli  gymmatlyklarynyň toýuna öwrüldi. Festiwalyň 4-nji iýunda bolan açylyş dabarasy welaýatyň, ýurdumyzyň çar künjeginden sungatyň aşygy bolan  ildeşlerimizi gözel Awazada jemledi.

    Ynsanperwerlik,agzybirlik, haýyr-sahawatlylyk, lebzihalallyk, zähmetsöýerlik, ulyny  sylamak, ruhy we ahlak taýdan  arassalyk, baý milli medeniýete eýe bolmak iziň  alkymyzyň asyrlaryň dowamynda  emala  gelen durmuş kadalarydyr. Bu ajaýyp däp-dessurlar häzirki günde hem mähriban halkymyzyň mizemez agzybirliginiň synmaz kepili bolup durýar. Türkmenistanyň iki dünýäni — Gündogary  we Günbatary birleşdirýän geografik çatrykda ýerleşýändigine görä, türkmen halky müňýyllyklara uzap gidýän taryhynyň dowamynda medeniýetleri özara baýlaşdyrmagyň ajaýyp tejribesini toplady. «Awaza — dostluk mekany» atly festiwal hem şol köpasyrlyk ýörelgäniň ajaýyp zamanamyzda  mynasyp dowamyny tapýandygyny dünýä jar edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiziň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda şeýle diýilýär: «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Awaza —dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynda Türkmenistanyň hem-de  dünýä döwletleriniň medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň giňden guralmagy dost-doganlygyň, agzybirligiň nyşanydyr. Bu halkara festiwala  gatnaşyjylaryň tans we folklor çykyşlary bolsa medeniýetleriň ýakynlaşmagyna, dostlugyň dabaralanmagyna ýardam edýär».

    Sungatlaryň, medeniýetleriň söhbedi täsirli çärelere beslendi. Döredijilik duşuşyklary, tans sungaty boýunça ussatlyk sapaklaryna gatnaşmaga  isleg bildirýänleriň köp bolmagy birek-biregiň kalbyndan dörän gymmatlyklara gyzyklanmanyň derejesini görkezýär. Festiwala gatnaşyjy  döredijilik, folklor-etnografik toparlarynyň çykyşlary bolsa hakyky medeniýet baýramçylygyna öwrüldi. Haýsy ýurduň wekilleriniň milli sungatynyň görkezilýändigine garamazdan, ol çykyşlara festiwala gatnaşyjy halklaryň ählisiniň-de ýürekden ses goşup gatnaşmagy taryhy kökler baradaky aýdylanlary ýadyňa salýar. Ol ýakynlyk «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşlyklaryň we gämide gezelençleriň dowamynda hem aýdyň duýuldy. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Medeni gözelliklerimize nazar aýlap, onuň döreýiş köklerini yzarlamak, kämilleşiş ugurlaryny seljermek, bu ugurda gazanylýan täze üstünliklere begenmek meniň üçin diýseň guwançly» diýýär. Sebäbi festiwalyň çäklerinde geçirilen her bir çäre medeniýet, sungat arkaly birek- biregiň kalbyna nazar aýlamaklyga bagyşlandy. Eýran, hindi, täjik, özbek halklarynyň wekilleriniň çykyşlaryny synlanyňda, olardaky meňzeşlik, ýakynlyk şol arabaglanyşyklaryň kökleri baradaky sowaly ýüze çykarýar.  Şol sowallaryň jogaplarynyň  dürli halklaryň wekilleri bilen bilelikde gözlenilmegi bolsa diýseň täsirli.

    Dünýä halklarynyň medeniýetine ser salanyňda-da, dürli halklaryň arasynda birek-birekden täsirlenmeleriň yzygiderli bolup geçendigine göz ýetirmek kyn däl. Bu ýagdaý halklaryň medeniýetlerine diňe oňyn tarapdan täsirini ýetiripdir, olary baýlaşdyrypdyr. Hatda täsirlenmegiň netijesinde sungatyň täzetäze gymmatlyklar bilen baýlaşyp bilýändigine-de taryh şaýat. Ol täsirlenmäniň miwelerini «Awaza — dostluk mekany» atly festiwala gatnaşýan döredijilik we folklor toparlarynyň saz gurallaryny, milli lybaslarynysynlanyňda  hem görmek kyn däl. Asyrlaryň dowamynda döredilip, kämilleşdirilip gelnen milli medeniýetleriň hut «Awaza — dostluk mekany» atly festiwallar ýaly medeni gatnaşyklar arkaly baýlaşandygy baradaky pikirler bolsa Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzy goşalandyrýar.

    Kalplarda gözellik döredýändigi, halklary ýakynlaşdyrýandygy sungatyň durmuşdaky ähmiýetini gymmatlyk derejesine çykarýar. Hut şonuň üçin-de şeýle festiwallaryň geçirilip durulmagy şu günki durmuşymyzyň gözelleşmegi üçin örän wajypdyr. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda belleýşi ýaly: «Bu halkara festiwalyň esasy maksady hem biziň dostlukly gatnaşyklarymyzy ösdürmekden, medeni ulgamda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr ». Halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň berkemegine gönükdirilen tutumlary üstünlikli amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize berk jan saglygyny, uzak ömür  arzuw edýäris!

Annagül Balkanowa
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy

Ähli makalalar