13 mart 2026 sagat 14:01
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Magtymguly — ylham çeşmesi

Baş sahypa/Makalalar/Magtymguly — ylham çeşmesi
21 Maý 2025 10416 gezek görüldi
Magtymguly — ylham çeşmesi

    Şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň guramagynda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Ýaşlaryň bilimlerini çuňlaşdyrmakdan, zehinlerini açyp görkezmekden, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekden, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny çuňňur öwrenmekden, kitap okamaga bolan höwesini artdyrmakdan ybarat bolan bäsleşigiň şertlerine laýyklykda her okuw mekdebinden talyplar toparlaýyn gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplaryndan düzülen topar birinji, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň topary ikinji, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň topary üçünji orunlara mynasyp boldular.

    Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Annagül Balkanowa,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji
guramasynyň başlygy.

Ähli makalalar