
Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iňňän zerur gymmatlyklardyr. Biri-biri bilen baglanyşykly bu iki düşünje hyzmatdaşlygy berkitmegiň, ählumumy howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şertleridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde dostluk, birek-biregi hormatlamak, deňhukuklylyk, özara düşünişmek ýörelgeleri daşary ýurtlar bilen alnyp barylýan hoşniýetli gatnaşyklaryň binýadyny düzýär.
Ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilmegi asylly däbe öwrülen döredijilik çäreleri, hususan-da, teatr, kino festiwallary, Medeniýet günleri we beýlekiler dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň kepilidir. Bu çäreler medeni gatnaşyklary giňeltmek, halklaryň milli gymmatlyklaryny wagyz etmek we baýlaşdyrmak, özara düşünişmegi pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär. Ynsanperwer ugurdaky gepleşikler, halklaryň medeni atnaşyklary
adamlary biri-birine has ýakynlaşdyryp, giň we netijeli döwletara gepleşiklerini ösdürmekde esasy şert bolup durýar. Baky berkarar döwletimiz öz ösüşiniň täze taryhy tapgyrynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli berkidip, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň pugtalanmagyna goşant goşmak ugrunda tagalla edýär. Bu babatda döwletleridir halklary ýakynlaşdyrýan medeni gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir.
Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk saz » atly kitabynda: Söz — köňlüň aýnasy, saz — göwün syrdaşy. Ynsanyň saza we söze söýgüsi — onuň ruhubelentliginiň kepili. Saz we söz sungatynyň gadyryny bilýän ynsanlar ýagşylyk eýeleridir. Ruhy dünýäsiniň baýlygy ynsanyň daşky keşbini nurlandyrýar. Olar päk ýürekli, maksady aýdyň ynsanlardyr» diýip nygtaýar. Eziz Diýarymyz ykrar edilen parahatçylyk dörediji we sebitiň iri medeni merkezi bolmak bilen, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna goşant goşup, giň gerimli gatnaşyklara hem-de ylmy alyşmalara taýýardygyny iş ýüzünde aýan edýär. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän aslahatlar, festiwallar, Medeniýet günleridir hepdelikleri, sergiler, forumlar, konsertler ählumumy parahatçylygy, hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygy has-da dabaralandyrmakda, dünýä döwletleriniň medeniýet we sungat işgärleriniň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolup gelýär.
Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda medeni ösüş taglymaty bu günki gün merdana halkymyzyň ruhyýet asmanynda nurly ýyldyzlar kimin lowurdap, şöhle saçýar. Ajaýyp zamanamyzda şöhratly geçmişimizden gözbaş alyp, bagtyýar şu günümize, röwşen geljegimize nurly şuglasyny saçýan şol şöhle halkymyzyň medeni durmuşynyň has-da ilerlemesiniň nyşanydyr. Dünýä medeniýetine uly goşant goşan, türkmeniň adyny, topragyny arşa göteren, soňky nesillere bahasyz hazyna galdyran ata-babalarymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen ajaýyp däplerini has-da ösdürip, kämilleşdirip, döwrebaplaşdyryp jahana aýmak täze zamananyň esasy aýratynlyklarynyň biridir.
Goý, asuda, parahat Diýarymyzy dost--doganlygyň, gülläp ösüşiň, abadan hem bagtyýar durmuşyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Kuwwatberdi Mededow,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň direktory.
