
Her ýyl ýurdumyzyň bir welaýatynda 22-27-nji iýun aralygynda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi zamanamyzyň ajaýyp dessuryna öwrüldi. Bu dessur 2013-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek geçirilen Medeniýet hepdeliginden gözbaş alýar. «Görogly » operasynyň görkezilişi bu döredijilik baýramçylygyna özboluşly röwüş bagyş etdi.
2014-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry ilkinji gezek tomaşaçylara «Ýusup- Züleýha» operasyny görkezdi.
2015-nji ýylda ežissýor Kakajan Aşyrowyň sahnalaşdyran Aýna operasy Lebap welaýatyny oýhana öwren Medeniýet hepdeliginiň bezegine öwrüldi.
2016-njy ýylda Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginde Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda ilkinji gezek görkezilen «Saýathan» operasy hem ýatdagalyjy pursatlaryň arasyndan orun aldy.
2017-nji ýylda Medeniýet hepdeligi gözel paýtagtymyzda geçirildi. Onuň çäklerinde tomaşaçylara hödürlenen «Ruhubelentler » operasy şol ýyl dünýä ýaň salan Ýapyk binalarda we söweş ungaty boýunça V Aziýa ýunlaryna sungat ussatlarynyň özboluşly ses goşmasyna öwrüldi.
2018-nji ýylda- da Aşgabat Medeniýet hepdeliginiň dabaralarynyň ýaýbaňlanýan mekanyna öwrüldi. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary «Hüýrlukga-Hemra» operasyny tomaşaçylara sowgat etdi.
2019-njy ýylda Medeniýet hepdeligi mynasybetli myhmanlary garşylamak Balkan welaýatynyň paýyna düşdi. «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda we welaýatyň beýleki gözel künjeklerinde toý ruhunda ýaýbaňlanan hepdeligiň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň «Aşyk Çaňly» atly operasy ilkinji gezek görkezildi.
2020-nji ýylda gadymy Daşoguz topragynda geçirilen Medeniýet hepdeliginde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň «Nejeboglan » dessany esasynda ýazan librettosy boýunça sahnalaşdyrylan adybir operasy tomaşaçylara görkezildi.
2021-nji ýylda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Gül-Bilbil» operasynyň ilkinji görkezilişi bu gadymy toprakda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň iň ýatda galyjy pursatlarynyň birine öwrüldi.
2022-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Mary welaýatynda geçirildi. Hepdeligiň dowam edýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna «Akademiki» hukuk derejesiniň berilmegi bu baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrdy.
2023-nji ýylda gözel paýtagtymyzda geçirilen Medeniýet hepdeliginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda «Arkaç» atly operanyň ilkinji görkezilişi boldy.
2024-nji ýylda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilmegi Medeniýet hepdeligine aýratyn many-mazmun çaýdy. Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni- seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolsa akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly ýaýbaňlandyrylan çäreleriň bezegine öwrüldi.
Kuwwatberdi Mededow
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň direktory.
