
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar okatmak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek bilen, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermelidirler” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2025-nji ýylyň 14-nji fewralyndaky 42 belgili buýrugy bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, 01.10.2025-nji ýyldaky N465 belgili buýrugy esasynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda 17.10.2025-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Pedagogika” hem-de “Sungatyň taryhy” dersleri boýunça bilim bäsleşigi geçirildi.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna sowgat hökmünde ilkinji gezek gurnalan bilim bäsleşiginiň Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde geçirilmegi, olaryň ähli welaýatlardan, Arkadag we Aşgabat şäherinden gelen mugallymlary, talyplary myhmansöýerlik sungatynyň ýokary derejesi bilen garşylamaklary dost-doganlyk, parahatsöýüjilik syýasatanyň beýik nusgasy bolup dabaralandy.
Bäsleşigiň esasy maksady medeniýet we sungat ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýup, tejribä ornaşdyrmakdan, zehinli talyplary ýüze çykarmakdan, özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmekden, amaly başarnyklaryny we döredijilikli zehin ukyplaryny kämilleşdirmekden, talyp ýaşlaryň hünär bilimleriniň hilini ýokarlandyrmakdan, medeniýet, döredijilik işi ulgamynda ýüze çykýan meselelerde özbaşdak dogry çözgütleri tapmak boýunça ukyp-başarnyklary bolan ýaş hünärmenleri ýetişdirmekden, kämil hünärmenler bolup, ylymda, bilimde we medeniýetde döredijilik, ylym-bilim taýdan has ähmiýetli işlere höweslendirmekden ybarat boldy.
Bilim bäsleşigine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky orta hünär okuw mekdepleriniň I, II, III we IV ýyl talyplaryndan her dersden 2 sany talyp gatnaşdy.
Çekeleşikli dowam eden bäsleşigiň netije boýunça “Pedagogika” dersinden meniň taýýarlan talyplarymdan, ýagny Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk” bölüminiň II ýyl talyby Ogulbike Aşyrowanyň I orna, “Nakgaşçylyk” bölüminiň III ýyl talyby Soltan Mämiýewanyň II orna mynasyp bolmagy meniň yhlasymyň ýerine düşüp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz-mugallymlara yhlasly zähmet çekmäge döredýän giň mümkinçilikleriniň dabaralanmasy bolup, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna bolan sowgadymyzyň owazy bolup ýaňlandy.
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň II ýyl talyplary Sähra Gurbangulyýewa hem-de Humaý Gurbangeldiýewa minnetdarlyk hatlary bilen, ýeňiji bolan talyplar jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyp, halypa-şägirtlik ýolunyň mynasyp derejede kämilleşmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
