13 mart 2026 sagat 14:04
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Medeniýet — ylhamyň gözbaşy makala

Baş sahypa/Makalalar/Medeniýet — ylhamyň gözbaşy makala
22 Okt 2025 9182 gezek görüldi
Medeniýet — ylhamyň gözbaşy makala

    Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda ministrligiň garamagyndaky orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda pedagogika hem-de sungatyň taryhy dersleri boýunça bilim bäsleşigi geçirildi.

    Maksady medeniýet we sungat ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýup tejribä ornaşdyrmakdan, zehinli talyplary ýüze çykarmakdan, özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmekden, amaly başarnyklaryny we döredijilikli zehin ukyplaryny kämilleşdirmekden, talyp ýaşlaryň hünär bilimleriniň hilini ýokarlandyrmakdan, medeniýet, döredijilik işi ulgamynda ýüze çykýan meselelerde özbaşdak dogry çözgütleri tapmak boýunça ukyp-başarnyklary bolan ýaş hünärmenleri ýetişdirmekden, olary döredijilik, ylym-bilim taýdan has ähmiýetli işlere höweslendirmekden ybarat bolan bäsleşik örän çekeleşikli geçdi. Netijede, pedagogika dersinden Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Annagül Balkanowanyň taýýarlan nakgaşçylyk bölüminiň 2-nji ýyl talyby Ogulbike Aşyrowa birinji orna, 3-nji ýyl talyby Soltan Mämiýewa ikinji orna mynasyp boldular. Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň 2-nji ýyl talyplary Sähra Gurbangulyýewa hem-de Humaý Gurbangeldiýewa Minnetdarlyk haty bilen sylaglandylar.

Bibihajar Ödekowa,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Ähli makalalar