13 mart 2026 sagat 11:27
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Medeniýete, sungata sarpaly Diýar

Baş sahypa/Makalalar/Medeniýete, sungata sarpaly Diýar
12 Few 2026 89 gezek görüldi
Medeniýete, sungata sarpaly Diýar

        Öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli medeniýetimiz, sungatymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ösüşlere eýe bolýar. Biz bu gün hakyky döredijilik, öz ukyp-başarnygyňy açyp görkezmek üçin ähli taraplaýyn giň mümkinçilikler açylan ajaýyp döwürde ýaşaýarys. «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň beýikişlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi, aýdym- saz sungatymyzy ösdürmäge, baýlaşdyrmaga, olaryň köpöwüşgünliligini dünýä ýaýmaga hemişe möhüm ähmiýet berýär.

         «Türkmen halky beýik sungaty, ägirt uly edebi, medeni mirasy döredip bilen halkdyr. Häzirki döwürde-de döwlet syýasatynda medeniýetiň aýratyn orny bar» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Bu gün halkymyzyň asyrlar aşyp, sünnälenip, biziň günlerimize gelip ýeten özboluşly baý folklory, edebi mirasy, milli tanslarydyr aýdym- sazlary şekillendiriş sungatynyň eserleri dünýä halklarynda uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklarynyň netijesinde türkmen medeniýeti we sungaty Ýer ýüzünde giňden  tanalýar. Bu bolsa bizi has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

         Goý, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde, dünýä tanatmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, beýik maksatlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/publishes/13227/download

Halapberdi AMANOW,

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

Ähli makalalar