
Medeniýetde we sungatda şöhratly taryhynyň dowamynda dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri, milli gymmatlyklary, halk döredijiliginiň kämil nusgalary jemlenendir. Şonuň üçinem ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklanylýar.
Ajaýyp zamanada milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň belent derejä ýetmegi, mundan beýläk-de ösmegi üçin tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu işler bolsa ulgamyň kämilleşmegine, ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna uly itergi bermek bilen birlikde, medeniýetimiziň we sungatymyzyň geljekki ösüşlerini, rowaçlyklaryny kepillendirýär. Medeni-ruhy ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirmekde, medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döretmekde dowam etdirilýän maksatnamalaýyn tutumlar bolsa uly üstünlikleriň gözbaşydyr.
https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/21/articles/227566
Gülaýym Mämmedannaýewa,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
