
Medeniýet halkyň milli aýratynlygyny görkezýän gözellikdir. Ol nähili täsin, baý bolsa, onuň adamlaryň ruhy dünýäsiniň nuranalygyna täsiri şonça-da ýokary bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, «Medeniýet ulgamynyň ösüşleri jemgyýetiň bitewüligini, milletiň ruhy galkynyşyny üpjün edýär». Şu nukdaýnazardan, ajaýyp zamanada halkymyzyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan medeniýeti, sungaty ösüşiň täze belentliklerine göterilýär. Ulgamy yzygiderli ösdürmek, hemmetaraplaýyn içgin öwrenmek, halkyň arasynda giňden wagyz etmek döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Bu ugurda döwlet derejesinde edilýän aladalar halkymyzyň baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmek, medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşjak ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Bu ugurda gysga döwrüň içinde ýetilen belent sepgitler halkymyzda buýsanç duýgularyny döredýär.
https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/21/articles/227027
Merdan Nurnyýazow,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
