13 mart 2026 sagat 14:04
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Milli terbiýe — mizemez mekdep

Baş sahypa/Makalalar/Milli terbiýe — mizemez mekdep
31 Okt 2025 8672 gezek görüldi
Milli terbiýe — mizemez mekdep

    Welaýat ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  elaýat birleşmesi tarapyndan «Milli terbiýe — mizemez mekdep» ady bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda talyp ýaşlary watansöýüjilik ruhunda, sagdyn durmuş we türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri, milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemek, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk ýörelgelerini ündemek maksady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kümüş saçly eneler gatnaşyp, ene-mamalarymyzyň geçmişden şu güne çenli ýetiren gymmatly terbiýe mekdebiniň aýratynlyklary barada täsirli gürrüň etdiler. Berkarar döwletimiziň mertebe tuguna deňelýän türkmen gelin-gyzlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň belent, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

"Balkan" gazetiniň online 31.10.2025ý. sanynda

Annagül Balkanowa,

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy,

kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy

Ähli makalalar