
Aýdym-saz müňlerçe ýyl bäri adamlaryň ýüreginde ýaşap gelýär. Uly güýje eýe bolan aýdym-saz ynsanlary jebisleşdirmäge, belent maksatlara ruhlandyrmaga, hatda gapma-garşylyklary ýeňip geçmäge mümkinçilik berýär. Aýdym-sazyň parahatçylyk döredijilik güýji Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestinde örän inçelik bilen açylyp görkezilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserinde hem sungatyň gudratly güýji barada çuňňur filosofik oýlanmalar esasynda dörän gymmatly pikirler beýan edilip, olar taryh, şu gün we geljek barada täzeçe oýlanmaga iterýär. Milli Liderimiziň bu eserde: «Sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar!» diýen jümlesi parahatçylyk döredijilik taglymatynyň türkmen nusgasynyň many-mazmunyny şöhlelendirýär.
Halkyň we tutuş adamzadyň asyrlarboýy döreden gymmatlyklaryny nesilden-nesle geçirmekde hem-de dünýä ýaýmakda aýdym-saza uly orun degişlidir. Türkmen halk aýdym-sazlaryny alyp görsek, olar diňe bir diňlemek lezzetli bolmak bilen çäklenmän, terbiýeçilik taýdan hem ähmiýetlidir. Halk aýdym-sazlarynda berilýän öwüt-ündewleriň aglabasy akyldar atamyz Magtymguly Pyragydan miras galan setirlerdir. Geçmişde okamagyň we ýazmagyň hemmelere elýeterli bolmanlygyny göz öňünde tutsaň, beýik akyldaryň paýhasynyň halk köpçülige ýetirilmeginde aýdym-sazyň uly ähmiýetiniň bolandygy ikuçsuzdyr.
Jadyly güýje eýe bolan aýdym-saz ynsanyň diňe bir ruhuny däl, eýsem, bedenini hem sagaltmaga ukyplydyr. Ady rowaýata öwrülen akyldar hem lukman Abu Aly Ibn Sina hem sazyň ynsan saglygyna peýdalydygyny aýdyp geçipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda bu barada: «Ibn Sina sazy bejerişiň «dermansyz» usuly hasap edipdir we gülki, ýakymly yslar, berhiz bilen birlikde, ony hassalary bejerende üstünlik bilen ulanypdyr. Ibn Sina aýdym-sazyň adamyň hal-ýagdaýyna hem saglygyna edýän täsirini ilkinjileriň biri bolup ýüze çykarypdyr» diýlip bellenilýär.
Aýdym-saz nesil terbiýesinde, bilim bermekde hem uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň okuw meýilnamasynda aýdym-saz sapaklarynyň bolmagy tötänden däl. Çünki aýdym-saz bilen meşgullanmak çaganyň zehininiň açylmagyna kömek edýär. Uzak geçmişde-de saz gurallaryny çalmagy öwrenmek asylly terbiýäniň aýrylmaz bölegi hasaplanypdyr.
Bu günki gün aýdym-saz sungatynyň halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny dikeltmekdäki ornuna aýratyn üns çekilýär. Bütin dünýäde sungat ussatlary öz eserleriniň üsti bilen ynsanperwer ýörelgeleri, adalatlylygy, agzybirligi we umumadamzat bähbitli beýleki ençeme gymmatlyklary wagyz edýärler. Gahryman Arkadagymyzyň döreden «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» we beýleki ajaýyp aýdymlary halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyryp, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde uly ähmiýete eýedir.
Annagül Balkanowa,
Balkan welaýat ýörite sungat
mekdebiniň mugallymy
