13 mart 2026 sagat 14:03
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

BALKAN  WELAÝAT ÝÖRITE  SUNGAT  MEKDEBI BARADA  MAGLUMAT

Baş sahypa/Makalalar/BALKAN  WELAÝAT ÝÖRITE  SUNGAT  MEKDEBI BARADA  MAGLUMAT
07 Few 2025 9663 gezek görüldi
BALKAN  WELAÝAT ÝÖRITE  SUNGAT  MEKDEBI BARADA  MAGLUMAT

Balkan  welaýat ýörite  sungat  mekdebi welaýatyň  çäginde  ýerleşýän medeniýet  we  sungat hünär  ugurlarynyň  dürli   görnüşleri  boýunça  zehinli ýaşlara  orta  hünär bilim  berýän  okuw mekdepleriniň  biridir,  mekdep Türkmenistanyň  Medeniýet  ministrliginiň  garamagynda hereket  edýär.

Balkan  welaýat ýörite  sungat  mekdebi Türkmenistanyň  Prezidentiniň  2007-nji ýylyň  20-nji  fewralyndaky 8265  belgili  Kararyna laýyklykda  döredildi. 2007-2014-nji  ýyllar aralygynda 40 talyp, 2014-2015-nji okuw ýyllar aralygynda 50 talyp,  2022-nji  ýyldan bäri 60  talyp okuwa  kabul  edilip başlandy.

Balkan  welaýat ýörite  sungat  mekdebinde 14 sany bölüm hereket edýär.

  1. Türkmen milli saz gurallary 

  2. Halk saz gurallary

  3. Bagşyçylyk sungaty 

  4. Üflenip we  kakylyp  çalynýan saz  gurallary 

  5. Kirişli saz  gurallary

  6. Fortepiano

  7. Sazyň taryhy  we  nazaryýeti

  8. Aýdym aýtmak  sungaty(wokal)

  9. Saz mugallymçylygy

  10. Hor  dirižýory

  11. Horeografiýa sungaty

  12. Nakgaşçylyk 

  13. Dizaýn

  14. Heýkeltaraşlyk

Mekdebiň  esasy wezipeleri  we  maksatlary Türkmenistanyň  bilim  hem-de medeniýet  ulgamlarynda  döwlet syýasatyny  durmuşa  geçirmegi iş  ýüzünde  üpjün etmek,  şahsyýetiň  hünär bilimini  almak  we çuňlaşdyrmak  islegini  kanagatlandyrmak,  Türkmenistanyň  medeniýet we sungat ojaklary hem-de bilim edaralary  üçin  ýörite orta hünär  bilimli  hünärmenleri (mugallymlary)  taýýarlamak, jemgyýetiň  ruhy-ahlak,  medeni we  ylmy  gymmatlyklaryny  toplamak, goramak  hem-de  baýlaşdyrmak, talyplarda  milli  taryh, medeniýet,  däp-dessurlar  hem-de ileri  tutulýan  umumyadamzat gymmatlyklary  bilen  özara berk  baglanşykly  ýokary medeniýeti,  şeýle  hem döwlet  Garaşsyzlygynyň  we Bitaraplygynyň ýörelgelerine,  türkmen  halkyna, Watana  hem-de  Türkmenistanyň  Prezidentine çuňňur  wepalylygy  terbiýelemek, ýurdumyzyň  durmuş-ykdysady  ösüşiniň ileri  tutulýan  ugurlaryna laýyklykda  okuw  meýilnamalaryny  we maksatnamalaryny  hil  taýdan kämilleşdirmek  boýunça  işleri guramak,  ýaşlary  terbiýelemegiň  milli maksatnamalaryny  durmuşa  geçirmek, sport,  medeni  çäreleri we  talyplary  okatmagyň, olaryň  dynç  almagynyň, ýaşaýşynyň  şertlerini  gowulandyrmaga  gönükdirilen beýleki  çäreleri  geçirmek, okuwlary  ýokary  hilli guramagyň  we  okatmagyň öňdebaryjy  usullaryny  we serişdelerini  ulanmak,  mugallymlaryň hünär  derejesini  ýokarlandyrmak – ýaly  ugurlardan ybarat  bolup  durýar.

Mekdebimizde 65 sany mugallym zähmet çekýär we 225 talyp okaýar.

Mekdebiň salgysy: Balkanabat şäheri Ejeke Ataýewa köçesi 126-njy ýaşaýyş jaýlar toplumy

Ähli makalalar