Eziz Diýarymyzyň giň gerimli ösüşleri milli medeniýetimiz we sungatymyz arkaly giňden şöhlelendirilýär. Şonuň üçinem taryhy eýýamda jemgyýetimiziň bitewüligini, halkymyzyň ruhy galkynyşyny üpjün edýän medeniýetimiziň, sungatymyzyň mundan beýläk-de ösmegi, kämilleşmegi üçin tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ulgamyň ýokary derejelere göterilmegi «Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da kämilleşmegi, döwrebap eserler bilen baýlaşmagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurdaky özgertmeleriniň ajaýyp zamanada uly üstünliklere beslenýändigini görkezýär.
Ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigi hem guwandyryjydyr. Parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilen bu hyzmatdaşlygyň özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny bellemelidiris.
https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/21/articles/223478

