
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda mährem enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň sarpasy belentde tutulyp, Halkara zenanlar güni mynasybetli çäreleriň yzygiderli geçirilýän günlerinde bu baýramçylyk mynasybetli yglan edilen “Parahat ýurdumyň reňklere siňen gözelligi” atly ýaş suratkeşleriň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak, mährem zenanlarymyzyň abraý-mertebesini çeper eserleriň üsti bilen beýan edýän ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň geçiren bu bäsleşiginde biziň mekdebimiziň talyplary baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Ýeri gelende belläp geçsek bu bäsleşigiň “Nakgaş” ugry boýunça mekdebimiziň “Dizaýn” bölüminiň 2-nji ýyl talyby Şagylyç Aşyrow I orna “Nakgaşçylyk” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Nurjemal Atagylyjowa II orna “Nakgaçylyk” bölüminiň 3-ýyl talyplary Geňlik Aşyrgulyýewa hem-de Bibigözel Aşyrowa III orna mynasyp boldular. Bulardan başga-da talyplar Myrat Orazow, Soltan Mämiýewa, Hatyja Arrykowa, Merjen Garajaýewa Hormat hatyna mynasyp boldular.
