13 mart 2026 sagat 14:05
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny atly bäsleşik

Baş sahypa/Makalalar/Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny atly bäsleşik
26 Apr 2025 9552 gezek görüldi
Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny atly bäsleşik

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak  ýylynda’’  her ýylda däp bolan,  ýaş zehinleri ýüze çykarmak we olary bilimiň has çuňlugyna ugrukdyrmak hem-de ýokary okuw jaýlarynda dowam etdirmek maksady bilen, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýurdumyzyň ýörite sungat we sazçylyk  mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda  hünär bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşigiň birinji tapgyry 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 24-ine, ikinji tapgyry 26-na geçirildi. Bäsleşikde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň uçurymlary öz hünärleri boýunça gatnaşyp, beýleki welaýatlardan gelen talyp deň-duşlary bilen  bäsleşdiler. Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli geçdi. Aprel aýynyň 25-ne  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy saz äleminiň has inçe syrlary bilen tanyşdyrmak hem-de medeniýete sungata saza bolan höwesiňi has-da artdyrmak, ýaş nesilleriň aýdym-saza bolan söýgüsini berkitmek maksady bilen ,,Açyk gapylar’’ gününi geçirdiler. Dabarada halypa mugallymlaryň çykyşlary özleriniň maslahaty we olaryň  ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlary ýaňlandy. Konsertde  Atageldi Garýagdyýew, Annagül Gurdowa ýaly birnäçe halypalar we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň ýaş mugallymlary sungat ussady Ata Ilamanowyň 80 ýyllyk ýubileý ýaşyna bagyşlap ussat halypaň ýerine ýetiren aýdymlaryny täzeden ýaňlandyrdylar we halypany ýatlap, onuň durmuşyndan  täsirli gürrüňleri berdiler. ,,Açyk gapylar’’ dabaranyň dowamy konserwatoriýanyň halypa mugallymlarynyň ähli ugurlara bagyşlanan  ,,Ussatlyk sapaklary’’ bilen dowam etdi. Ussatlyk sapakda ýaş talyplara aýdym-saz sungatyň inçe tilsimlerini ýerine ýetirip görkezdiler hem-de  talyplar bilen gürrüňdeşlik geçirdiler. Talyplaryň ýerine ýetirijiligini diňläp, özleriniň maslahatyny berdiler. Bäsleşigiň ikinji tapgyry apel aýyň 26-na geçdi. Bäsleşigiň jeminde mekdebimiziň ,,Türkmen milli saz gurallary’’ bölüminiň talyplary  Işanberdiýew Şatlyk I orna,  Gulbaýew Dawut II orna  ,,Bagşyçylyk sungaty”  boýunça  Aýjanow Şamyrat  III orna ,  ,,Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar’’ bölüminiň  ,,Goboý’’hünäri boýunça Meredowa Gülzada III oruna   mynasyp boldular. ,,Sazyň taryhy  we nazaryýeti’’hünärinden Arslanowa Ogulbagt, ,,Kompozisiýa’’ hünärinden Hajyýewa Güljemal, ,,Aýdym aýtmak sungaty’’(wokal) hünärinden Baýramowa Aýgül hem-de Garlyýew Zaman, ,,Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar’’ bölüminiň  ,,Fleýta” hünärinden Amangeldiýewa Ogulbagt, ,,Türkmen milli saz gurallar’’ bölüminden Nursahadow Nurmuhammet ýaly talyplarymyz hem ,,Hormat hata’’ mynasyp boldular. Ýeňiji bolan talyplara sylaglandyrmak dabarasy geçirilip, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň uly zalynda ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

    Dabaranyň ahyrynda medeniýetimizi sungatymyzy ösdürmekde  ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, döredijiligimizi dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döreden  Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ähli makalalar