
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaş zehinleri ýüze çykarmak we olary bilimiň has çuňlugyna ugrukdyrmak maksady bilen, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýurdumyzyň ýörite sungat we sazçylyk mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda asylly däbe öwrülen «Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň uçurymlary hem gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şu okuw mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň talyplary Şatlyk Işanberdiýew birinji, Dawut Gulbaýew ikinji, bagşyçylyk sungaty boýunça Şamyrat Aýjanow, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň goboý hünäri boýunça Gülzada Meredowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Sazyň taryhy we nazaryýeti hünärinden Ogulbagt Arslanowa, kompozisiýa hünärinden Güljemal Hajyýewa, aýdym aýtmak sungaty (wokal) hünärinden Aýgül Baýramowa, Zaman Garlyýew, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň fleýta hünärinden Ogulbagt Amangeldiýewa, türkmen milli saz gurallary bölüminden Nurmuhammet Nursahadow dagy Hormat hatlaryna mynasyp boldular.
Dabaranyň ahyrynda medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, döredijiligimizi dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
Akgül Ataýewa,
Balkan welaýat ýörite sungat
mekdebiniň mugallymy.
