13 mart 2026 sagat 14:04
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

PARAHATÇYLYK DÖREDIJI GYMMATLYKLAR

Baş sahypa/Makalalar/PARAHATÇYLYK DÖREDIJI GYMMATLYKLAR
03 Maý 2025 10714 gezek görüldi
PARAHATÇYLYK DÖREDIJI GYMMATLYKLAR

    XIX asyryň ahyrynda Gresiýada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy döwürlerde sport ýaryşlarynyň geçirilen ýerleriniň yzlary ýüze çykarylýar. Şundan ylham alan fransiýaly görnükli jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten müňlerçe ýyl ozal geçirilen Olimpiýa oýunlaryny täzeden janlandyrmagy ýüregine düwýär. Kuberten suratkeşiň ogly bolansoň, uzak wagt bäri biri-birinden üzňe hasaplanýan iki närsäni – güýç bilen paýhasy Olimpiýa oýunlarynyň kömegi arkaly birleşdirmegi maksat edinýär. Şeýle maksat bilen Oýunlaryň maksatnamasyna diňe sport boýunça däl, eýsem, döredijilik bäsleşiklerini hem girizmegi teklip edýär. Ilkibaşda bu teklip goldaw tapmasa-da, Halkara Olimpiýa Komitetiniň 1906-njy ýylda geçirilen nobatdaky mejlisinde Pýer de Kuberten guramanyň ýolbaşçysy hökmünde sungat bäsleşikleriniň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulmagyny gazanýar. Çünki gadymy Gresiýanyň Delfi şäherindäki meýdançada bir hepdäniň dowamynda aýdym-sazly we sahnalaşdyrylan tomaşalar boýunça bäsleşikler guralan bolsa, stadionda sport ýaryşlary geçirilipdir.

    Ilkibaşda, Olimpiýa oýunlaryny kabul edýän döwletleriň guramaçylyk düzümleri hem dürli sebäplere görä, sungat bäsleşiklerini geçirmekden ýüz öwürýärler. Ahyrsoňy, 1912-nji ýylda Şwesiýada geçirilen Oýunlarda Pýer de Kuberten döredijilik bäsleşikleriniň guramaçylyk işlerini öz üstüne alýar. Ol binagärlik, nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, aýdym-saz we edebiýat boýunça eserleri öz ýaşaýan jaýynyň salgysyna ugratmak barada bildiriş berýär. Bäsleşige mynasyp eserleri bolsa Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän ýerlerinde halk köpçüligine görkezýär. Ýeňijileri hut özi kesgitlän Kuberten altyn medallary poçta üsti bilen eýelerine ýollaýar.

    Ýeri gelende türgenleriň arasynda hem sport ýaryşlaryna, hemem döredijilik bäsleşigine gatnaşanlarynyň bardygyny nygtamak gerek. ABŞ-ly Wolter Waýnens 1908-nji we 1912-nji ýyllarda geçirilen Oýunlarda nyşana ok atmak boýunça gazanan altyn we kümüş medallary bilen birlikde, öz ýasan heýkeli üçin döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde taryha girýär. Edebiýat boýunça bäsleşiklere Žorž Horod we Martin Eşbah diýen tahalluslar bilen Pýer de Kuberteniň hut özüniň hem gatnaşandygyny bellemek gerek. Ol «Sporta oda» atly eserinde olimpiýa hereketiniň esasy ýörelgelerini hem-de gymmatlyklaryny beýan edýär.

    1924-nji ýylda Parižde hem-de 1928-nji ýylda Amsterdam şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda döredijilik bäsleşiklerine gyzyklanma örän ýokary bolýar. Bu Oýunlarda sungat bäsleşiklerine gatnaşyjylaryň sany müňlerçä ýetip, olaryň saýlama eserleri ýörite sergilerde görkezilýär. 1932-nji ýylda Los-Anjelesde geçirilen Olimpiadanyň çäklerinde sungat bäsleşikleri şäheriň taryh, ylym we sungat muzeýinde ýokary derejede guralýar. 1936-njy ýylda Berlinde geçirilen Oýunlarda hem döredijilik bäsleşiklerine çynlakaý çemeleşilip, ýörite guralan sergä 70 müň adam gatnaşýar. Açyk asmanyň astynda guralan aýdym-sazly dabara bolsa 20 müň tomaşaçy jemlenýär.

    1948-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiadada Oýunlaryň taryhynda iň soňky gezek döredijilik bäsleşigi geçirilýär. Soňra döredijilik bäsleşiklerininiň deregine diňe sungat sergilerini geçirmek barada çözgüt kabul edilýär.

    Häzirki döwürde döredijilik çykyşlary we aýdym-sazly dabaralar sport bäsleşikleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Olimpiýa oýunlarynyň gadymy däplerinden gözbaş alýan şeýle çäreler sport bilen sungatyň aýrylmaz baglanyşygyny tassyklaýar.

    Parahatçylyk, dost-doganlyk, ruhubelentlik Bitarap Watanymyzyň sport diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleridir. Gahryman Arkadagymyzyň 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň senasyna öwrülen «Öňe, diňe öňe, jan Watanym – Türkmenistan!» atly ajaýyp eserindäki «Parahatlyk – ýürek baýdagy...» diýen ilkinji jümlede hem bu hakykat aýdyň şöhlelenýär. Täze taryhy döwürde Watanymyzda geçirilip, parahatçylygy dabaralandyrýan sport baýramçylyklarynda dost-doganlyk owazlary belentden ýaňlanýar.

Annagül Balkanowa

 Balkan welaýat ýörite sungat

mekdebiniň mugallymy.

Ähli makalalar