13 mart 2026 sagat 14:03
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Parahatçylyk sazy — dost-doganlyk sazy

Baş sahypa/Makalalar/Parahatçylyk sazy — dost-doganlyk sazy
23 Maý 2025 10414 gezek görüldi
Parahatçylyk sazy — dost-doganlyk sazy

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwal geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan festiwal iki günläp dowam edip, oňa dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan gelen kompozitorlar, drižýorlar, opera aýdymçylarydyr sazandalary gatnaşdylar we öz dillerinde, türkmen dilinde birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdiler, şirin owazly sazlary bilen çykyş etdiler. Eziz Diýarymyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly, parahatçylykly medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan bu halkara festiwal milli aýdym-saz sungatymyzy dürli öwüşginde açyp görkezmäge, baýlaşdyrmaga, dünýä halklarynyň aýdym-saz sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga we tejribe alyşmaga ýardam berdi. Halkara festiwalyna gatnaşyjylar medeniýet we sungat wekilleriniň sarpasyny belent tutup, dostdoganlyk gatnaşyklaryny, medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.


Gülaýym Mämmetannaýewa,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji
guramasynyň işjeň agzasy.

Ähli makalalar