13 mart 2026 sagat 14:00
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Parahatlyk ylhamy

Baş sahypa/Makalalar/Parahatlyk ylhamy
12 Noý 2025 8081 gezek görüldi
Parahatlyk ylhamy

    Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Nakgaşçylyk» we «Heýkeltaraşlyk» bölümleriniň talyplarynyň eserleriniň sergisi açyldy. «Parahatlyk ylhamy» ady bilen birnäçe günläp dowam etjek bu sergide mugallym Röwşen Çopanowyň ýolbaşçylyk edýän talyplary Geňlik Aşyrgulyýewanyň, Mährijemal Mejidowanyň, Nurjemal Atagylyjowanyň, Döwran Saparowyň, Rahym Akyýewiň döreden eserleri görkezilýär.

    Serginiň döredijilik işgärleriniň, mugallymlaryň, talyplaryň, okuwçylaryň gatnaşmaklarynda geçirilen açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda ýaş zehinlere uly üstünlikler arzuw edilip, medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdyldy.

    Zehinli talyplaryň döreden eserlerinde Garaşsyz, hemişelik  Bitarap ýurdumyzyň gözel tebigaty, ýelden ýyndam bedewlerimiz, geçmişimiziň hem-de şu günümiziň şöhratly wakalary öz beýanyny tapýar. Esasy maksady çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň döredijilik ukyplarynyň has-da artmagyny gazanmakdan ybarat bolup durýan sergi ony synlanlarda uly täsirleri galdyrýar.

Nazar Gurbangeldiýew,

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

Ähli makalalar