13 mart 2026 sagat 14:03
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Saglyk ýoly-sagdyn ýaşaýşyň ýoly”

Baş sahypa/Makalalar/“Saglyk ýoly-sagdyn ýaşaýşyň ýoly”
04 Okt 2025 9282 gezek görüldi
“Saglyk ýoly-sagdyn ýaşaýşyň ýoly”

    04.10.2025-nji ýylda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bedenterbiýe dersiniň mugallymy Taýçaýew Taganguly mekdebiň Dizaýn, Nakgaşçylyk bölümleriniň I ýyl talyplary bilen Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň “Saglyk ýoluna” gezelenç gurady. Okuw meýilnamasyna laýyklykda guralan ýörişiň talyp ýaşlary sagdyn ruhda terbiýelemekde, beden taýdan gujurly ýaşlary kemala getirmekde ähmiýeti ýokary derejä eýe boldy.

    Saglyk ýoly Türkmenistanyň gözellikleriniň biridir. Saglyk ýoly Kiçi Balkan dag toplumynyň düzümine girýän belentlik gerşinden geçýän basgançaklar arkaly ýoda görnüşinde bolup, tämiz, arassa howada bu ýerde däp boýunça köpçülikleýin ýörişler we sport çäreleri geçirilip, şol çärelere sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän talyp ýaşlar hem yzygiderli işjeň gatnaşýarlar.

    Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas” çeşmesi” atly kitabynda nygtalşy ýaly: “Sag başym-soltan başym”, “Sagalsam-häkimdirin, sagalmasam-men kimdirin?”, “Saglygym-begligim”, “Saglyk-baýlyk”. Netijede, Gahryman Arkadagymyzyň şeýle öwüt-nesihatlaryndan görelde alyp, mundan beýläk hem Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bedenterbiýe dersiniň mugallymy Taýçaýew Tagangulynyň ýolbaşçylygynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň “Saglyk ýoluna” talyp ýaşlaryň yzygiderli gezelenç-ýörişlerini geçirjekdiklerini nygtap, ýurdumyzda sport diplomatiýasyny ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ähli makalalar