13 mart 2026 sagat 14:05
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

SANLY TEHNOLOGIÝALAR — KÄMILLIGIŇ MÖHÜM AÇARY

Baş sahypa/Makalalar/SANLY TEHNOLOGIÝALAR — KÄMILLIGIŇ MÖHÜM AÇARY
23 Iýun 2025 10093 gezek görüldi
SANLY TEHNOLOGIÝALAR — KÄMILLIGIŇ MÖHÜM AÇARY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynyň sanlylaşdyrylmagy barha işjeň häsiýete, anyk  ugurlara we güýçli depginlere eýe bolýar. Çünki sanly tehnologiýalar durmuşymyzyň bütin gurşawyna ornaşyp, olaryň önümçilik, bilim, saglygy  goraýyş işine, hyzmatlar ulgamyna we beýleki ugurlara ornaşdyrylmagy iş netijeliliginiň ýokarlanmagyny, bu ugurda zerur wagtyň azalmagyny şertlendirýär. Meýilleşdirilýän işleriň gysga wagtda has kämil ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň geriminiň giňemegi, ýagny sanly ykdysadyýete geçilmegi raýatlarymyzyň ýaşaýyş- durmuş derejesiniň mundan beýläk-de gowulanmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär.

    Mälim bolşy ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň  Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» milli ykdysadyýetimizi dünýä tejribesine laýyklykda sanlylaşdyrmak boýunça öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenilýär.  Şunda hususy ulgama sanly ulgamlary, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem uly ähmiýet berlip, bu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we  telekeçiler birleşmesiniň agzalary tutanýerli işleri alyp barýarlar, oňyn önümçilik netijelerini gazanmagy başarýarlar.

    Daşary döwletleriň kämil  tehnologiýalary bilen doly enjamlaşdyrylan hususy önümçilik kärhanalarynyň sany barha artyp, olar ilatymyzyň iş bilen üpjünçiligine we iş  şertleriniň kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Innowasiýalara daýanýan senagat, azyk önümçiligi kärhanalarynda, ýyladyşhana toplumlarynda işler  döwrüň talaplaryna laýyklykda guralyp, önümçilik depginleri artdyrylýar. Şeýle-de öndürilýän önümleriň hil taýdan dünýä ölçeglerine laýyk gelmegi  gazanylýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda telekeçiler tarapyndan öndürilýän dürli görnüşli önümler içerki sarp edijilere ýetirilmek bilen birlikde, daşary  döwletlere hem uly möçberlerde ugradylýar. Diýmek, önümçilik kärhanalaryna sanly ulgamyň gazananlarynyň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy  hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndüriliş derejesini artdyrmak, olaryň eksport kuwwatyny  ýokarlandyrmak babatda öňde goýýan wezipelerini üstünlikli çözmekde esasy açar bolup durýar. Muňa «Türkmenistanda öndürilen»  belgili harytlara dünýä bazarynda islegiň we hyrydarlygyň diýseň uly bolmagy, halkara sergilerde ýerli önümlerimiziň hemişe-de ýokary bahalara mynasyp bolmagy aýdyň şaýatlyk edýär.

    Hususy işewürlige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, Berkarar döwletiň täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründe hyzmatlar ulgamy hem ösüş ýoluna gadam basdy. Takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy esasda guralýan  elektron söwda,  eltip bermek ýaly döwrebap hyzmat görnüşleri giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan söwda nokatlarynda we  dükanlarynda ýörite platformalaryň döredilip,  olar arkaly söwdany elektron görnüşde amala aşyrmaga mümkinçiligiň bolmagy, saýlanan harydy öýe  eltip bermek hyzmatynyň ýola  goýulmagy bazar ykdysadyýeti şertlerinde barha işjeňleşýän durmuşymyzda möhüm orna eýe bolýar. Onlaýn  söwda dükanlary hem öňdebaryjy tehnologiýalaryň günsaýyn kämilleşýän döwründe uly meşhurlyga eýe bolup, hyzmatlar ulgamynyň okgunly  ösüşine mynasyp goşant goşýar. Çünki onlaýn söwda dükanlary üçin döredilýän platformalarda dürli görnüşli önümler, birinjiden, azyk önümleri,  hojalyk harytlary ýaly bölümlere bölünip ýerleşdirilse, ikinjiden, gereklenýän önüme degişli maglumatlaryň we olaryň suratlarynyň goýulmagy  saýlama mümkinçiligini gysga wagtda ýerine ýetirmäge kömek edýär.

    Görnüşi ýaly, sanly ulgama geçilmegi milli ykdysadyýetimiziň beýleki  ugurlarynda bolşy ýaly, hususy pudak üçin hem oňaýly mümkinçilikleri döredip, döwlet Baştutanymyz bu ulgamy goldamaga aýratyn üns berýär.  Ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, iň täze enjamlaryň we programma üpjünçiliginiň herekete girizilmegi, maglumat serişdeleriniň netijeli  ulanylmagy bilen birlikde, ulgamdaky sanly özgertmeler dolandyryş çemeleşmelerinde hem düýpli özgerişleri göz öňünde tutýar. Şoňa görä-de, ata  Watanymyzda milli programma önümlerini döretmekde we ýörite enjamlary öndürmekde ýöriteleşen kiçi hem-de orta telekeçiligi goldamak boýunça  anyk işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi kärhanalary ösdürmegiň innowasion usullaryna giň ýol açýar. Şol bir wagtda, dünýäniň islendik sebitindäki  işewür hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak üçin amatly şertleri döredýär.

    Bir söz bilen aýdanyňda, milli  ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy, oňa innowasion gazanylanlaryň işjeň ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi üpjün etmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-  durmuş  şertlerini ýokarlandyrmagyň möhüm şertidir. Goý, eziz Watanymyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman  Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli tutumlary elmydama rowaç bolsun!

Annagül Balkanaowa
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

Ähli makalalar