13 mart 2026 sagat 14:02
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Sazyň saglyga täsiri

Baş sahypa/Makalalar/Sazyň saglyga täsiri
22 Maý 2025 10415 gezek görüldi
Sazyň saglyga täsiri

    Saz çalmagyň hem-de diňlemegiň ynsan saglygyna oňaýly täsir edýändigi lukmanlaryň geçiren barlaglary esasynda öz subutnamasy naeýe  bolandyr. Aýdym-saz sungatyna asyrlarboýy hormat-sarpa goýup gelýän halkymyzda gyzamyk çykan çaga saz diňledilip, onuň derdiniň ýeňilleşmeginiň gazanylandygy hem köpimize mälimdir.

    Sagdyn ýaşaýşy üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri hereket bolsa-da, adamyň beýnisiniň  dynç almagy, nerw-damar ulgamlarynyň kadaly ýagdaýda bolmagy üçin peýdaly daşky täsirler hem zerur bolup bolup durýar. Şunda saz  diňlemekligiň, esasan hem, ony çalmaklygyň ähmiýeti ýokarydyr. Saz guralynyň islendigini çalmak adamyň beýnisiniň sag bölegini işjeňleşdirse, aýry-aýry saz gurallary beýniniň hem sag, hem-de çep bölegini bilelikde herekete getirmäge ukyplydyr. Lukmanlaryň saz çalmagyň adamyň döredijilik ukybyny artdyrýandygyny bellemekleri hem şonuň üçindir.

    Entek orta mekdebiňem işiginden ätlemedik körpelerde irki sözleýşiň, birnäçe täsin başarnyklaryň kemala gelmegine çagalar baglaryndaky aýdym-saz dersleriniň täsir edýändigi hem barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylandyr. Saz çagalarda gürlemegi öwrenmek, ýatda saklamak ýaly ukyplaryň açylmagyna ýardam berýär. Şonuň üçinem saz çalmagy öwredýän mugallymlaryň we saz çalýan adamlaryň özleriniň çagalarda diňe sungata söýgi döretmän, eýsem, sagdyn nesliň kemala gelmegine hem uly goşant goşýandyklaryny bilmekleri zerurdyr.


Geňlik Aşyrgulyýewa,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby.

Ähli makalalar