Welaýat kitaphanasynyň we welaýat ýörite sungat mekdebiniň guramagynda türkmen opera sungatyny esaslandyryjy, ussat opera aýdymçysy, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewanyň 105 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilen «Sungaty bilen özüni tanadan ussat» atly edebi çärede ussadyň ömri we durmuş ýoly barada giňişleýin gürrüň edildi. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdym aýtmak sungaty bölüminiň mugallymy Gülhanym Lametowa Maýa Kulyýewa bilen duş gelen pursatlary we talyplyk döwründe oňa beren maslahatlary barada gürrüň berip, halypanyň aýdan aýdymlaryndan Weli Muhadowyň «Söýgülim gelýär» we Weli Ahmedowyň «Bu gün» aýdymlaryny ýerine ýetirdi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýetiň we sungatyň, halypa-şägirtlik ýolunyň dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

