13 mart 2026 sagat 14:01
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Suratlarda Watan waspy

Baş sahypa/Makalalar/Suratlarda Watan waspy
21 Maý 2025 10416 gezek görüldi
Suratlarda Watan waspy

    Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaşlary ata Watanymyzyň rowaçlygyna çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetlerini we däplerini dabaralandyrmak hem-de giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň we welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlaryň arasynda yglan eden «Asuda hem parahat mekanymyň tebigaty» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa gatnaşanlar bäsleşigiň şertine laýyklykda, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri, ata Watanymyzyň erkana we parahat durmuşyny surat eserlerinde beýan etdiler. Netijede, welaýat ýörite sungat mekdebiniň dizaýn bölüminiň 3-nji ýyl talyby Osman Durdyýew birinji, nakgaşçylyk bölüminiň 3-nji ýyl talyplary Bibigözel Aşyrowa hem-de Myrat Orazow ikinji, nakgaşçylyk bölüminiň 3-nji ýyl talyby Geňlik Aşyrgulyýewa, dizaýn bölüminiň 3-nji ýyl talyby Halyma Rahymowa, 1-nji ýyl talyby Toýgeldi Toýgeldiýew üçünji orunlara mynasyp boldular.                       

Umyt Gurbanow,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby, TMÝG-niň ilkinji guramasynyň başlygy.
Ähli makalalar